Ahal province
logo

Latest news:
✦ «Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi ✦ ✦ IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty ✦ ✦ Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy ✦ ✦ Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi ✦ ✦ Kitap — ruhy baýlygyň hazynasy ✦ ✦ Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy ✦ ✦ Her penşenbe güni “Ýaşlar güni” bolar! ✦ ✦ 2026-njy ýylyň Oraza aýynda Ahal welaýatynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde agyz beklenýän we açylýan wagtlar ✦ ✦ Türkmenistan — BAE işewürlik forumy geçiriler ✦
Home / Economics /Sazlaşykly işler
  23.11.2021
500
Sazlaşykly işler

Şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminde, ýurdumyzyň döwlet harmanyny “ak altynymyz” bilen doldurmakda, Tejen etrabynyň “Altyn asyr” pagta arassalaýjy kärhanasy özüniň saldamly goşandyny goşdy. Tohumlyk pagtanyň ýylda 40 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenen bu kärhanada, möwsümiň ilkinji günlerinden başlap, işler ýokary talaplara laýyklykda ýola goýuldy. Täze hasylyň kabul ediljek ýerleri öňünden kesgitlenip, olaryň degişli enjamlardyr serişdeler bilen üpjün edilmegi, işleri sazlaşykly alnyp barylmagyny şertlendirýär. Şoňa görä-de, möwsümde kärhananyň derwezesinden girýän üsti “ak altynly” tirkegli traktorlaryňdyr ýük awtoulaglaryň ýygylygy artsa-da, olar sähel salymda pagtany tabşyrýarlar. Olaryň getirýän gymmatly baýlygynyň-pagtanyň agramy ýöriteleşdirlen elektron terezilerde çekilip, kabul edilýär. Kärhananda tohumlyk pagtanyň hili ýokary talaplar boýunça barlanylýar. Şonda pagta süýmüniň uzynlygyna, berkligine, ýetişenlik derejesi bilen bir hatarda çyglylygyna we arassalygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Kärhana döwrebap enjamlar babatda giň mümkinçilige eýedir.

Kämil tehnologiýalar arkaly pagtany gaýtadan işlemäge ähli şertler bar. Şunda ýaşlaryň ol ýerde ornaşdyrlan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlaryny ezberlik bilen dolandyrmakda baý tejribe toplandygyny aýratyn bellemek bolar. Hünärmenler şol enjamlardan netijeli peýdalanmak arkaly çig malyň ýokary talaplar esasynda gaýtadan işlenmegini, pagta çigidiniň himiki usul bilen arassalanmagyny, onuň kesellere garşy gaýtadan işlenmegini, önümiň ýörite serişdeler bilen baýlaşdyrylmagyny hem-de degişli gaplara gaplanmagyny başarýarlar.

Bu ýerde işleriň gidişine hünärmenler tarapyndan kompýuterler arkaly gözegçilik edilýär. Bu bolsa işleriň bökdençsiz alnyp barylmagyna we önümiň hiline oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem bu ýerde taýýarlanylýan gowaça çigidiniň talabalaýyk saklanmagy üçin ähli şertler göz öňünde tutlypdyr.