logo

Latest news:
✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦
Home / Society /Saýlawlara taýýarlyk
  09.03.2022
528
Saýlawlara taýýarlyk

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” kabul edildi. Şol taryhy mejlisde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin nygtap geçdi.

        Şunuň bilen baglylykda häzirki günlerde möhüm jemgyýetçilik syýasy çärä, 12-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Şol sanda Babadaýhan etrabynyň çäginde hem saýlawlara uly taýýarlyk işleri görülip, döredilen saýlaw uçastoklarynda alnyp barylmaly işler talabalaýyk ýagdaýda ýola goýulýar.

        Ýurdumyzda milli kanunçylyga we halkara hukuk kadalaryna doly laýyk gelýän demokratik saýlawlary guramak we geçirmek boýunça ygtybarly tejribe toplanan.

        Halkymyzyň taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtda-da döwlet gurluşynyň ykrar edilen öňdebaryjy dünýä tejribelerinden ugur alýan häzirki zaman saýlaw ulgamy demokratik esaslarda yzygiderli kämilleşdirilýär. Amala aşyrylýan bu döwlet, halk bähbitli tutumly başlangyçlar jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň binýadyny berkidýär.