Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Sanly ulgam - geljege badalga
  10.12.2024
120
Sanly ulgam - geljege badalga

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumuzyň ähli ugurlarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli derejede alnyp barylýar. Sebäbi geljekde ýurdumyzy syýasy-ykdysady , saglygy goraýyş, medeni, bilim we baýleki pudaklar babatda ýokary ösüşlere ýetirjek ýaş hünärmenlerimiziň dünýäniň tehnologiki ösüşleriniň iň täze gazananlaryndan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri zerurdyr. Häzirki döwürde ýurdumuzda sanly bilim ulgamynyň çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ornaşdyrylmagy bolsa şu maksatlar bilen baglydyr. Hünärmenler öz alan hünärine  we kärine laýyklykda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlet dolandyryş we hojalyk edaralarynda, hyzmat ediş kärhanalarynda meýilnamalaşdyryş, hasaba alyş, dolandyryş we beýleki işlerinde sanly ulgamy ösdürmek, döwrebap we sanly maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly alnyp barylýan işi ýeňilleşdirmek, mümkinçiliklerden doly peýdalanmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmak üçin taýýarlanylýar.


Soňky ýyllarda sanly tehnologiýalar ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüş ýollaryny kesgitleýän möhüm şertleriň birine öwrüldi. Daşary ýurt tejribelerinden görnüşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ylmyň ösmegi bilen adamyň zerurluklaryna gönükdirilen ,,akylly’’ jemgyýet döreýär. Sanlylaşdyrylmagyň netijesinde zähmet bazarynda , saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň ösüşinde hem düýpli özgerişlikler bolup geçýär. Halkara bilermenler ýakyn döwürlerde sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, maglumatlara çäklendirilmedik elýeterliligi bolan hem-de sanly başarnyklary ele alan ýaşlaryň zähmet bazaryna goşuljakdyklaryny belleýärler.


Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjülikli halk bähbitli, döwlet ähmiýetli syýasaty netijesinde, dogry saýlanyp alnan köp özgertmeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösmegini üpjün edýär, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär, ýurdumuzyň uzak möhletleýin geljegi üçin abadançylygy berkidýär.

 

Mähri DAŇATAROWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy
we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.