logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi!
  30.06.2026
552
«Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi!

Türkmenistanda sanly ulgamy ilerletmek we tehnologik kuwwaty berkitmek baradaky döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan «Sanly geljek-2026» atly IT we robototehnika bäsleşigi üstünlikli jemlendi. Bu çäre milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna döwrebap programma önümlerini hem-de robototehniki ulgamlary ornaşdyrmakda ýaş nesliň güýjünden peýdalanmak ugrunda uly ädim boldy.

​Ýekebara tertipde gatnaşan okuwçylar öz ukyplaryny akylly şäher düzümini awtomatlaşdyrmak, bilim ulgamy üçin öwrediji mobil platformalar hem-de ekologiýa kynçylyklaryny çözýän sanly taslamalar ýaly üç sany wajyp ugur boýunça görkezdiler. Final tapgyryna galan taslamalar eminler topary tarapyndan innowasion täzeçilligi, koduň hili, durnuklylygy, amaly peýdasy we işewürlik modeli esasynda baha kesildi.

​Geçirilen bäsleşigiň netijelerine görä, Aşgabat şäheriniň 49-njy orta mekdebiniň okuwçysy Myradowa Göwher birinji orna mynasyp boldy. Ikinji orny Wekilbazar etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Babaýewa Orazjemal bilen Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy Annaorazow Begenç paýlaşdylar. Üçünji orna bolsa Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň okuwçysy Mämmedalyýew Mämmetnur, Türkmengala etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň okuwçysy Hudaýnazarow Mähri hem-de Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy Hydyrowa Ýazgül eýe boldular. Şeýle-de bäsleşikde görkezen tapawutly ukyp-başarnyklary üçin Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň okuwçysy Oraz Penjiýew ýörite Minnetdarlyk haty bilen sylaglandyryldy.

​Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere degişli derejedäki diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýaşlaryň hödürlän bu täzeçil innowasiýalary olaryň häzirki zaman sanly tehnologiýalara bolan uly gyzyklanmasyny we geljekde ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşjakdyklaryny aýdyň subut etdi.