logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Şäher içindäki «akylly» hem döwrebap şäher
  14.01.2023
1144
Şäher içindäki «akylly» hem döwrebap şäher

Eziz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde peýda bolýan täze obalaryň, şäherleriň döwrebap ýagdaýa getirilýän ajaýyp keşbi diýarymyzda  amala aşyrýan giň gerimli başlangyçlaryň ajaýyp miwesidir. Yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän desgalar döwletimizde durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mermer paýtagtymyz gözel Aşgabat ajaýyp binagärlik keşbi bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär we yzygider döwrebaplaşdyrylýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda täze iri ýaşaýyş toplumlary kemala gelýär. Ýakyn geljekde paýtagtymyzda «şäher içindäki şäher» bolan «Aşgabat sitiniň» taslamasy amala aşyrylyp, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş toplumy emele geler. Desgalaryň hemmesi özboluşly bezeg aýratynlyklary, gurluşy, binagärlik çözgütleri bilen tapawutlanar. Şolaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde dünýäniň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylar. Şeýle hem bu ýerde «akylly» öýleriň, «akylly» duralgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berler. Munuň özi ýurdumyzda adam hakyndaky edilýän aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumyň «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrylmagy ýöne ýere däl. Çünki ol dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirýär. Ýurdumyzda şähergurluşyk ulgamyny ösdürmek babatda hem kämil bilim ulgamy döredilip, ýaş binagärleriň, dizaýnerleriň, inženerleriň döredijilik başlangyçlary, täzeçil pikirleri yzygiderli höweslendirilýär. Şäheriň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, serişdeleri hem-de kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Netijede ak mermerli Aşgabat dünýäde ýaşamak üçin has oňaýly, amatly we arassa şäher bolar. Ajaýyp Köpetdagyň eteginde ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan, lowurdap duran bu ajaýyp şäher güneşli Diýarymyzyň günsaýyn depginli ösýändigine şaýatlyk edýär.

Bu döwrebap täze toplum özüniň ajaýyp desgalary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, binagärlik hem ekologiýa babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän nusgalyk şäherdir. Gurulýan desgalaryň künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşygy emele getirmegi esasy talap bolup çykyş edýär. Şeýle hem bu ýerde dörediljek gök zolaklar, seýilgähler ajaýyp şäher gurşawy bilen dolulygyna utgaşar. 

 

Döwletmyrat ANYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.