— Pasla görä geýniň. Ýiti Gün şöhlesinden goranyň!
— Wagtal-wagtal öý otaglaryňyzyň penjirelerini açyp, howasyny arassalaň. Üzärligi ulanyp, otagyň howasyny tämizläň!
— Nahar taýýarlamazdan, çagany iýmitlendirmezden, nahar edinmezden öň we daşardan geleniňizden soň elleriňizi akar suwuň aşagynda sabyn bilen gowy ýuwuň!
— Diňe arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp, sowadylan suwy ulanyň!
— Agyz-burun örtügini ýapyk binalarda we jemgyýetçilik ulaglarynda dogry we doly dakynyň!
— Howpsuz araçägi saklaň! Esasan-da, ýiti respirator keselleriniň alamatlary bar bolan adamlar bilen howpsuz araçägi saklamak zerurdyr.
— Üsgüreniňizde we asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapyň! Ulanylan bir gezeklik çygly süpürgiçleri ýörite niýetlenen guty gaplaryna taşlaň! Kadaly iýmitleniň, witaminlere we fitonsidlere baý gök we miwe önümlerini iýiň! Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary we gök çaýy içiň!
— Işjeň hereketde boluň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!
— Öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp alyň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.