logo

Latest news:
✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Home / Society /“Sagdyn nesil-geljegmize badalga”
  01.06.2022
1192
“Sagdyn nesil-geljegmize badalga”

    Ata Watanymyzyň agzybirliginden, jebisliginden, bagtyýarlygyndan eşret tapan türkmen halky Hormatly Prezidentimiziň elmydama janynyň sag bolmagyny belent başynyň aman bolmagyny arzuw etmek bilen ýaşaýar. Ýurdumyz ösýär, özgerýär, ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, bedew bady bilen öňe barýar. Şol sanda ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ylymly bilimli, giň dünýägaraýyşly, edepli-ekramly bolup ýetişmekleri hem-de öz wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda uly işler alnyp barylýar. Ata Watanymyzda şeýle asylly başlangyçlary nazarlap öwgä mynasyp işler alnyp barylýar. Hormatly Arkadagymyzyň “Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir” diýen sözlerinden ugur alyp, 01.06.2022-nji ýyl senede Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän “Buýsanç” çagalar medeni dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap häkimligi, medeniýet we bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalar tarapyndan aýdym sazly medeni dynç alyş çäresi geçirildi. Bu geçirilen dabaraly çärä, etrabymyzyň bagtyýar nesilleri işjeňlik bilen gatnaşdylar. Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň eden çykyşlary bilen bu dawaraly çäre has-da şowhunly we dabaraly geçmeginde aýratyn bir mana eýe boldy. Dabaranyň dowamynda biziň geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz hem türkmeniň milli oýunlaryny oýnamak, surat çekmek boýunça çykyşlaryny, ýetginjekler döredijilik öýüniň aýdym-sazlary we sergileri bilen çykyş etdiler. Bu geçirilen dawaraly çäre özüniň ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Şeýle dabaraly çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa biziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň Watansöýüjilik duýgularynyň hasda artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär. Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag belent başy aman, tutýan tutumly il ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!