Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar nesillerimiz asuda, parahat, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Ýurdumyz ösýär, özgerýär, ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, bedew bady bilen öňe barýar. Şol sanda ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ylymly bilimli, giň dünýägaraýyşly, edepli-ekramly bolup ýetişmekleri hem-de öz wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir” diýen sözlerinden ugur alyp, 31.05.2021-nji ýyl senede Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän “Buýsanç” çagalar medeni dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Çagalaň şatlygy-döwrüň bagtyýarlygy” diýen at bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap häkimligi, medeniýet we bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalar tarapyndan aýdym sazly medeni dynç alyş çäresi geçirildi. Bu geçirilen dabaraly çärä, etrabymyzyň bagtyýar nesilleri işjeňlik bilen gatnaşdylar. Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň eden çykyşlary bilen bu dawaraly çäre has-da şowhunly we dabaraly geçmeginde aýratyn bir mana eýe boldy. Dabaranyň dowamynda biziň geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz hem türkmeniň milli oýunlaryny oýnamak, surat çekmek boýunça çykyşlaryny, ýetginjekler döredijilik öýüniň aýdym-sazlary we sergileri bilen çykyş etdiler. Bu geçirilen dawaraly çäre özüniň ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy we oňa gatnaşan ýaş nesillere Ak bugdaý etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýörite ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle dabaraly çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa biziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň Watansöýüjilik duýgularynyň has-da artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär. Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag belent başy aman, tutýan tutumly il ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!