logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Health /Sagdyn iýmitlenmegiň peýdaly ýollary
  24.12.2022
1857
Sagdyn iýmitlenmegiň peýdaly ýollary

Günüň dowamynda yzygiderli az-azdan iýmeklik gowy netije berýär. Naharlaryň arasyndaky iň uzak wagt 5 sagatdan köp bolmaly däl, agşamky nahar ýatmazdan 3 sagat öň iýilmelidir.

Süýjülikleri belli bir derejede çäklendirmek, kabul edilýän şekeriň mukdaryny azaltmak örän peýdalydyr.

Günüň dowamynda kabul edilýän iýmitiň agramly böleginiň irdenki sanawda, agşamky sanawda bolsa ýeňil özleşýän iýmitleriň bolmagy saglyk üçin diýseň ýaramlydyr.

Käbir iýmitler bedeni ähli zerur bolan maddalar, birleşmeler, beloklar, witaminler, mikroelementler bilen doly üpjün etmeýär. Şonuň üçin esasan hem sagdyn önümler bolan gök önümleri, ter otlary, et, balyk, hoz, süýt önümleri, ter miweleri saýlamaly.

Ter gök önümler we miweler her gün hökman iýilmelidir. Täze gök önümleri ýa-da gaýtadan işlenen gök önümleri iýmek beden saglygy üçin ýaramlydyr. Esasan hem gök önümler we miwelerden taýýarlanan işdäaçarlar bu ugurda zerurdyr.

Süýji önümleri iýlende, tebigy usul bilen taýýarlanan süýjülikleri, öýde ýasalan tortlary, tebigy ýol bilen kakadylan miweleri iýmeklik peýdalydyr.

Kaloriýalygy köp bolan şire, çaý we kofe ýeterlik mukdarda içilmeli. Arassa agyz suwunyň köpräk kabul edilmegi has-da oňaýlydyr.

Kabul edilýän iýmitiň kaloriýa balansyna we mukdaryna gözegçilik edilmeli. Artykmaç kaloriýa beden agramyny artdyrýar. Gündelik talap boýunça alynmaly energiýa ortaça 1500-2000 kJ deňdir.

Umuman, sagdyn iýmitlenmegiň ýolundaky esasy zat onuň kadalaryny berk berjaý etmekdir, bu ýagdaý islendik adam üçin sagdyn hem işjeň ýaşaýşy kemala getirmekde, saglygy gorap saklamakda ýeterlikdir. 

 

Dildara AHMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.