Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak, ynsan saglygyny gorap saklamak babatda giň möçberli, il-ýurt bähbitli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sagdyn iýmitlenmek boýunça toplumlaýyn syýasatyň kemala getirilmegi köp sanly keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar. Her bir adam iýmitleniş medeniýetini, zähmetiň we dynç almagyň endikleri bilen sazlaşdyryp, bedenini berkitmek üçin sport bilen meşgullanyp, syýahat etmek ýaly çäreler bilen üstüni ýetirýär. Halkyň saglygy ýaşaýyş şertine, tebigatyň ýagdaýyna, howanyň, suwuň, iýmitiň, gök önümleriň arassalygyna baglydyr. Saglygyň sakasy dogry we kadaly iýmitlenmekdir. Kadaly we belli bir wagtda iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny, sazlaşykly we doly ösüşini üpjün edýär, kesellerden goraýar hem-de ýokanç kesellere garşy göreşmek ukybyny berkidýär. Sagdyn iýmitlenmek boýunça her bir adam ýönekeýje düzgünleri berjaý etmäge çalyşmalydyr. Howlukman, gowy çeýnäp, işdä bilen iýmek, dürli gök önümler bilen iýmitlenmek saglyk üçin peýdalydyr. Iýýän iýmitimiz bize lezzet bermelidir. Ýurdumyzyň ak bazarlarynda maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň önümleri, süýt we süýt önümleri, dürli miweler ilata hödürlenilýär. Gök önümleri, miweleri iýmezden öň gowy ýuwmalydyr. Süýt we süýt önümleriniň saklanylyşyna aýratyn üns berilmelidir. Bişirilmedik önümleri taýýar iýmitlerden aýry saklamaly. Azyk önümlerini alanyňyzda, hil taýdan ýokarylygyna, terligine üns bermeli. Azyk önümlerini sowadyjyda saklamak zerurdyr.
Sagdyn bolmaklyk üçin biz her gün dürli nygmatlardan iýip durmalydyrys. Iýmit önümi adamyň bedenini gündelik gerekli maddalar bilen üpjün edýär. Adamlar öz gündelik iýmitlerinde miweleri, ir-iýmişleri, gök önümlerini köp mukdarda ulanmalydyr. Sebäbi bedenimiziň saz işlemegi üçin gerek bolan minerallar we witaminler ýeterlik derejede üpjün edilmelidir. Her bir ynsan aşa ýagly iýmitlerden gaça durmaly. Ýagsyz eti, balygy, towugy gaýnadyp ýa-da buglap iýmeli. Ýumurtgany hem aşa köp iýmek maslahat berilmeýär. Nahar iýleninden soň, arassa howada, ylaýta-da, agşamara köpräk gezelenç etmeli.
Witaminlere has baý bolan iýmitlere bagyr, balyk we ýumurtga degişlidir. Bu agzalan iýmitlerde bedeniň dogry ösmegi üçin kalsiý, demir, ýod, mis ýaly minerallar hem bar. Eger-de witaminler we minerallar doly derejede bedene barmasa, onda dürli keseller ýüze çykyp biler. Bedende energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy semizligiň ýüze çykmagyna getirýär. Arassa, açyk howada taplanmaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, köpräk hereketde bolmaly. Hereketleriň pyýada ýöremek, ylgamak, suwda ýüzmek, mellekde işlemek we şuňa meňzeş görnüşleri semizlikden ejir çekýänlere has gowy kömek berýär. Her bir ynsanyň saglygy öz elindedir. Sagdynlyk ynsana bagt we şatlyk eçilýän iň derwaýys peşgeşdir.