logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin täze düzgünler girizildi
  07.11.2022
1874
Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin täze düzgünler girizildi

Russiýanyň uniwersitetleri 2023/2024-nji okuw ýyly üçin kabul etmegiň täze düzgünlerini çap etdiler. Esasy üýtgetmeler resminamalary tabşyryp boljak hünärleriň hem-de ugurlaryň sanyna degişli boldy – ozal dalaşgär arzalaryň ona çenlisini berip bilýärdi, indi olaryň sany bäşe çenli azaldyldy. Indiden beýläk okuwa girjekler hünär saýlamaga has oýlanyşykly çemeleşmeli hem-de ünslerini belli bir hünäre jemlemeli bolarlar.

Şeýle hem okatmagyň ähli görnüşleri boýunça býujet orunlaryna kabul etmegiň möhletleri üýtgedildi – indi resminamalary 25-nji iýuldan gijä galman tabşyrmaga ýetişmeli, goşmaça kabul edişlik bolsa 29-njy awgustda tamamlanar. Mundan öň, kabul ediş möwsümi sentýabryň ahyryna çenli dowam edip bilýärdi.

Täze düzgünler resminamalary tabşyrmagyň usulyna hem degişli bolar. Ýagny, ýokary okuw mekdepleri ozalky usula gaýdyp gelerler – okuwa attestatyň asyl nusgasy boýunça kabul ederler, GTO nyşanynyň bolmagy GTO-nyň Bütinrussiýa bedenterbiýe-sport toplumynyň saýtynda, Sport ministrliginiň saýtynda ýa-da ygtyýarly edaranyň GTO nyşany bilen sylaglamak hakyndaky buýrugynyň göçürmesi arkaly tassyklanylar. Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin täze düzgünler 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan güýje girer.