logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / In the world /«Roslin tupany» Meksikada tarap ýakynlaşýar
  24.10.2022
1128
«Roslin tupany» Meksikada tarap ýakynlaşýar

Ýuwaş ummanda emele gelen we 4-nji derejeli «Roslin tupany» Meksikanyň çägine barha ýakynlaşýar.

Meksika hökümeti, ýurduň günbatar böleginde örän uly tizlik bilen ýakynlaşýan 4-nji derejeli we örän howply «Roslin tupany» sebäpli duýduryş berdi. «Roslin tupany» sagatda 215 kilometre ýetýän güýçli şemal bilen demirgazyk-gündogardan gelýär.

Meteorologiýa işgärleri ýurtda adatdan daşary ýagyşyň döremegine sebäp boljakdygyny bellediler. Şeýle hem raýatlara suw joşmasy, ýer titremesi we toprak süýşmeleri ýaly hadysalarynda seresap bolmalydyklaryny duýdurdylar. Bu duýduryşdan soň ýurtda okuwlar wagtlaýynça ýapyldy.