logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Putin, Alyýew we Paşinýan 31-nji oktýabrda Soçide duşuşarlar
  27.10.2022
1116
Putin, Alyýew we Paşinýan 31-nji oktýabrda Soçide duşuşarlar

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Soçide Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşjakdygyny mälim etdi.

Nikol Paşinýan mejlisinde eden çykyşynda 31-nji oktýabrda Russiýanyň Soçi şäherinde Putin we Alyýew bilen üçtaraplaýyn ýygnak geçirjekdiklerini aýtdy.

Azerbaýjan bilen ýylyň ahyryna çenli parahatçylyk şertnamasyna gol çekmek isleýändigini mälim eden Paşinýan, şertnama gol çekilýänçä serhet bilen bagly käbir meseleleri çözmek üçin işlenilýändigini belledi.