logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /«PETRONAS» kompaniýasy işe çagyrýar!
  21.12.2022
1591
«PETRONAS» kompaniýasy işe çagyrýar!

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri aşakdaky görkezilen iş ýerlerine çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin kömekçi (inwentar we maddy-tehniki serişdeleriň dolandyrylyşy boýunça).

Bildirilýän talaplar:
 

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler: 

Bilimi: orta bilim hakyndaky attestat ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminamasy. 

Iş tejribesi: materiallara we enjamlara degişli ülňüler hem-de normatiwler (MESC) boýunça 5 ýyllyk iş tejribesi bolmaly, satyn almak, maddy-tehniki serişdeleriň dolandyrylyşy, ammarda, sehde işleriň ýerine ýetirilişi boýunça esasy endikleri we bilimleri bolmaly. 

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli. 

Endikleri we başarnyklary: programma üpjünçiligini ulanmakda başarnyklary bolmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner. 

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.