logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Parasatly daýhan hojalygy
  17.02.2022
784
Parasatly daýhan hojalygy

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler, döredilýän giň mümkinçilikler hususy pudagyň wekillerini bol hasyl almaga, gaýtadan işleýän kärhanalaryň işleriniň öňe ilerlemeginde köpugurly şertler döredilen. Şol daýhan hojalyklaryň biri hem özüniň ýokary hilli önümleri bilen tanalan, Rüstem Allanazarowyň  “Parasatly” daýhan hojalygydyr. Bu daýhan hojalygy 2012-nji ýylda Bäherden etrabynda miweli agaçlar, gök-bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek maksady bilen döredilen. Parasatly daýhan hojalygy 200 gektar miweli agaçlar, 500 gektar ýerde gök we bakja ekinleri, 2 gektar ýyladyşhana, 5 gektar maldarçylyk, 300 gektar mallara ot-iýmleri ýetişdirmek üçin hem-de öndürilen gök-bakja we miwe önümlerini gaplaýan zawodyň önümçiligi ýola goýlan. Ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada bir ýylda gök hyýaryň 360-380 tonnasyny ýetişdirýär. Günüň dowamynda pomidoryň 300 tonnasy kabul edilip 50-60 tonna pomidor goýutmasy gaýtadan işlenilýär. Pomidory gaýtadan işlemek arkaly ajy we süýji üwmeçler, “Noş”, “Tomat” hem-de “Öz bakjam” atly nyşanlar bilen halka ýetirilýär. Daýhan hojalykda ýetişdirilýän 15 görnüşli miweli baglar hem damjalaýyn esasda suwarylýar. Bu kärhanada bulardan başga-da arassa agyz suwy hem öndürilýär. “Parasatly” daýhan hojalygynyň öndürýän önümleri diňe ýurduň çäginde däl, eýsem daşary ýurtlara ýagny RF, Özbegistan, EYR, Owganystan we Gruziýa ýaly döwletlere eksport edýär.