Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Syýasat /Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!
  10.11.2022
394
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesidir. Bu syýasat döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitiň iri energetika döwletine öwrülmek babatynda uly ýol geçdi. Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Täze iri energetika geçirijisi diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryny türkmen gazy bilen üpjün etmäge däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň möhüm guralyna gönükdirilendir. Gymmat bolmadyk, ygtybarly, häzirki zaman energetika çeşmeleriniň elýeterliligi ähli ýurtlaryň okgunly ösmeginde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda Gün tertibine» laýyklykda edilýän tagallalar üçünji müňýyllygyň bu maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.

Bu günki gün Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşýar hem-de ählumumy häsiýete eýe bolan halkara giň möçberli meseleleri çözmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyz bu babatda hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ýörelgesine esaslanyp, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär we giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär.

Garaşsyz döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna mynasyp ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyz birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär, sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirýär. Şu jähetden, Türkmenistan bu gün Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitinde halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi ugrunda netijeli gatnaşyklary ösdürýän we energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşýan döwlet hökmünde ykrar edilýär. 

 

Süleýman JUMADURDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.