logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Päk arzuwlaryň baýramy
  19.12.2022
910
Päk arzuwlaryň baýramy

Älemgoşar deýin öwşün atýan Baş arçanyň daşyndaky şadyýanlygy göreniňde ynsanyň bu baýrama nähili garaşýandygyna göz ýetirýärsiň. Başy belent, bezelen Baş arçanyň ýanynyň şowhun-şagalaňy hemmelere ruhy lezzet paýlaýar. Baýramçylyk şowhunyndaky çagalar ak possunly Aýazbabadyr şadyýan ýylgyryşly Garpamygy el çarpyşyp, aýdym aýdyp, uly şowhun bilen garşylaýarlar. Tans edip arçanyň daşyndan aýlanýan oglandyr gyzjagazlar dürli haýwanlaryň keşbine girip, körpejeleriň ünsüni özüne çekýär. Aýdym-sazdan ruhlanan çagalaryň gülki sesleri bilen ýaňlanýan şowhunly dabaralary daş-töweregimizi gurşap, alyslara ýaň salýar. Şeýle ajaýyp, joşgunly pursatlar halkymyza ruhy-lezzet paýlap, täze ýyla täze güýç, uly ynam bilen gadam basmaga badalga berýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde eziz Diýarymyz bu gün toý lybasynda! Çünki ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramy uly ruhubelentlik bilen garşylanýar. Bagtyýarlyga hem üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem bagtyýar halkymyzyň durmuşynda ajaýyp, şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy.

Türkmen ilimiz ýatdan çykmajak pursatlar, taryhy wakalar bilen üstünlikli tamamlanan köne ýyl bilen hoşlaşyp, gapymyzy kakyp gelen täze ýyly güler ýüz bilen gujak açyp garşylaýar. Hut şonuň üçinem mähriban halkymyz Täze ýyl baýramçylygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bu baýramçylyk maşgala baýramy bolup, her bir öý-ojakda saçaklar giňden ýazylýar. Saçak başynda Täze ýylyň bereketli-düşümli bolmagy arzuwlanylýar. Maşgalalarymyzyň abadan, janymyzyň sag bolmagy ýaly dilegler bolsa arzuwlaryň üstüni ýetirýär. Ol arzuwlar ömür-ykballara siňip, hemmämizi bagta, ýagty geljege atarýar.

Goý, 2023-nji ýyl hem Watanymyz we halkymyz üçin parahatçylygyň, rowaçlygyň, abadançylygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolsun! 

 

Nury AGABAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.