logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Pagta taýýarlamak babatdaky şertnamalaýyn borçnamany ilkinji bolup berjaý etdiler
  23.11.2022
1077
Pagta taýýarlamak babatdaky şertnamalaýyn borçnamany ilkinji bolup berjaý etdiler

Gökdepe etrabynyň «Ýandaklyagyz» daýhan birleşiginiň daýhanlary etrapda ilkinji bolup, pagta taýýarlamak babatdaky şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler. Daýhan birleşigiň bu üstünliginde pagtaçy-kärendeçi Çary Pirowyň hem saldamly goşandy bardyr. Ol 4 gektar kärende ýerinden gowaçanyň ýokary hasylyny ýygnamak bilen, tabşyryga irki möhletde hötde geldi. Bu barada, «turkmenmetbugat»-ynda habar berilýär.

Pagtaçy-kärendeçi Çary Pirowyň şu güne çenli belent harmana goşan «ak altyny» 17 tonna barabardyr. Munuň özi şertnamalaýyn borçnamada göz öňüne tutulandakysyndan ep-esli köpdür. Onuň «ak altynly» atyzlarynda heniz hasyl köp. Ol möwsümiň ahyryna çenli kärende ýeriniň her gektarynyň hasyllylygyny 45 sentnere ýetirmegi maksat edinýär.

Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri gürrüňi edilýän daýhan birleşigiň öňdebaryjy pagtaçylarynyň birnäçesini iş üstünde sylaglady. Olaryň arasynda Çary Pirow hem bolup, onuň iş üstündäki duşuşykda armasy ýetirilip, iň gowy arzuwlar aýdyldy.