logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Özbegistan Türkmenistana 20 sany«Volkswagen» kysymly «Tiz kömek» awtoulagyny iberdi
  09.02.2023
1398
Özbegistan Türkmenistana 20 sany«Volkswagen» kysymly «Tiz kömek» awtoulagyny iberdi

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli doganlyk ýurtdan biziň ýurdumyza tiz lukmançylyk kömegini amala aşyrmaga niýetlenen awtoulaglar gelip gowuşdy.

Dostlukly ýurtdan täze lukmançylyk maksatly awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň serhet ýakasynda geçirilen toý dabarasy iki halkyň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hoşallygyň alamatyna öwrüldi. «Volkswagen» kysymly «Tiz kömek» awtoulaglarynyň uzyn kerweni guramaçylykly garşylanyldy. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, lukmançylyk maksatly täze awtoulaglara ak un sepildi hem-de üzärlik tütedilip, alajalar daňyldy. Bu ýerde ajaýyp döwrümizi, dost-doganlygy joşgunly wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Goňşy ýurtdan gelip gowşan 20 sany «Tiz kömek» awtoulagy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna berildi. Şolaryň 14-si Daşoguz welaýatynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine, 6-sy bolsa Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň çagalar bölümlerine bölünip berildi.