Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦ ✦ Astrahanda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy ✦ ✦ Gözlegçiler bakteriýalary 120 nanometr giňişlikde görmegi başardylar ✦ ✦ “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýän çagalar Türkiýede geçirilýän medeni çärelere gatnaşdylar ✦ ✦ Türkmeniň şöhraty  bedewler ✦ ✦ “Kim çalasyn kim çakgan” ✦ ✦ Milli ykdysadyýet - döwrebaplygyň binýady ✦
Baş sahypa / Saglyk /Öýjükli el telefonlarynyň zyýanly täsirini peseltmegiň usullary
  23.03.2023
954
Öýjükli el telefonlarynyň zyýanly täsirini peseltmegiň usullary

Häzirki döwürde adamzat durmuşyna ýakyndan ornaşan öýjükli telefonlaryň zyýanly täsirini peseltmek, boldugyça onuň öňüni almak iň bir derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Öýjükli el telefony özünden adam organizmi üçin zyýanly bolan elektromagnit şöhlelerini goýberýär. Telefondan çykýan elektromagnit tolkunlary bedeniň galtaşýan ýerindäki dokumalary gaty ýokary derejede gyzdyrýar. Öýjükli telefondan goýberilýän şöhleleriň uzak wagtlaýyn dowamly täsiri merkezi nerw ulgamynda howply täze döremeleriň peýda bolmagyna getirýär. Bu şöhleler arterial basyşa we ýürek-damar ulgamynyň işine oňaýsyz täsir edýär, beýniniň işjeňligini peseldýär. Şöhlelenme gen mutasiýasynyň peýda bolmagyna getirýär. Netijede bedende keselli öýjükler köpelýär, potologik täze döremeler ýüze çykýar. Adamyň ünsi peselýär we ýady gowşaýar. Kelle agyry peýda bolýar.  Immun ulgamynyň işi gowşaýar. Gaharjaňlyk we ýadawlyk duýgusy artýar. Beden ýygy-ýygydan sowuklama sezewar bolýar. Elektromagnit şöhleleri göz torjagazy we beýleki duýgy organlaryndan kelle beýnisine geçýär hem-de onuň işine päsgelçilik döredýär.

Alymlar gündelik durmuşda peýdalanylýan öýjükli el telefonynyň zyýanly täsirini peseltmek we onuň öňüni almak üçin şu aşakdaky ýagdaýlaryň göz öňünde tutmalydygyny belleýärler: 

Telefonyň sesiniň güýjüniň ýokary bolmagy, onuň şöhle goýberijiliginiň-de ýokary bolmagyna getirýär. Şonuň üçin mümkin boldugyça, telefonyň ses güýjüni pes derejede goýmaly. 

- Ulanylmajak wagtynda telefony başga otagda goýmaly. 

- Täze telefon satyn alnanda onuň kuwwaty pes bolan görnüşi saýlanyp alynsa, adam saglygyna zyýany pes derejede bolýar. 

- Öýjükli telefony jübüde saklamak maslahat berilmeýär. Ol el torbalarynda göterilse, zyýanly täsiri pesräk bolýar. 

- Mümkin boldugyça telefonda azrak gürleşmeli, şonda zyýanly täsir hem az bolýar. 

- Gijesine ýatylanda telefony öçürip ýatmaly. 

- Çagalar, şeýle-de göwreli aýallar telefondan has hem uzak durmalydyrlar. 

- Telefonda gürleşilende gulak bilen telefonyň arasy minimum 3 santimetr bolmalydyr. Sebäbi telefondan şöhläniň iň güýçli çykýan wagty jaňlaşylýan wagtydyr. 

- Telefon üçin zyýany peseldiji daşlyklardan peýdalanmaly. 

- Telefonda gürleşilende demir äýnekler dakynylmasa gowy bolýar. 

- Telefony elektrik toguna birikdirilende başga otagda goýmaly. 

- Telefon ak-gara reňkli displeýde peýdalanylsa, onuň zyýanly täsiri reňkli displeýe garanda pes bolýar.
 

Gadyrdan adamlar, hemmämiziň jan saglygymyz öz elimizde! «Saglygyň gadyryn bil, hasta bolmazdan burun» diýip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine eýerip,  saglygymyzy goralyň! 

 

Muhammetnazar NURNAZAROW, 

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa
we toksikologiýa kafedrasynyň müdiri,
l/g podpolkownigi.