logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Economics /Owlak-guzular sähralary bezeýär
  12.03.2021
1000
Owlak-guzular sähralary bezeýär

      “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda  Babadaýhan etrabynyň çopan-çoluklary dowarlary göwnejaý gyşlatmak bilen birlikde owlak-guzy almak möwsümine işjeň taýýarlyk görýärler. Ene goýunlar maldarçylyk talaplaryna görä gündelik gözegçilikde saklanyp, olar goşmaça ýokumly ot-iýimler bilen iýmitlendirilýär.Guzlaýjy mallaryň kadaly  guratlygy hem-de  sagdynlygy saklanylýar.

         Etrabyň dowardarlary öňde durýan owlak-guzy almak möwsümini Merkezi Garagumyň Garajaowlak, Ýediarym, Çölaýy ýaýlalarynda geçirmegi maksat edinýärler. Maldarlar üçin ähli amatlyklary bolan bu ýaýlalarda möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýaýlalarda ot-iým ätiýaçlygy ýeterlik.

       ,, Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynyň ygally gelmegi owlak-guzy almak möwsümini geçirmek üçin saýlanyp alnan ýerlerdäki kaklarda, sardoplarda ýeterlik suw gorlary ýygnandy.Häzirki wagtda möwsümiň kadaly geçirilmegi üçin bu ýerlerde suwuň ýeterlik mukdary bar. Dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminde çopanlara daýhan birleşikleri  tarapyndan adam, tehnika güýçlerini berkitmek, beýleki zerur bolan zatlar bilen üpjün etmegiň anyk çäreleri işlenilip düzüldi.

  Etrapda owlak-guzy almak möwsümine taýýarlyk çäreleri  Ak altyn daýhan birleşigi, Türkmenistan daýhan birleşigi, Täze ýol  daýhan birleşiklerinde has-da ýokary hilli geçirilýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň  Babadaýhan etrap komitetiniň işjeň agzalary-da şu günler çopan-çoluklaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň maldarçylygy, aýratyn-da dowardarçylygy ösdürmek baradaky öňde goýan wezipelerini giňden düşündirýärler. Bu bolsa etrabyň dowardarlaryny täze üstünliklere ruhlandyrýar.