logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /«Orient Silk Road Express» syýahatçylyk otlusynyň ýolagçylary Türkmenistanda boldular
  13.04.2024
608
«Orient Silk Road Express» syýahatçylyk otlusynyň ýolagçylary Türkmenistanda boldular

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça özüne çekiji demir ýol arkaly syýahatçylyk daşary ýurtly jahankeşdelere Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhy ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gazagystandan gelýän teker üstündäki bäş ýyldyzly «myhmanhana» Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň şäherleriniň arasynda hereket edýär.

 

Şu ýyl Iňlis syýahatçylyk operatory «Golden Eagle luxury Trains» kaşaň otlylar topary tarapyndan guralan syýahatyň çäginde Wengriýa, Braziliýa, Russiýa, Beýik Britaniýa ýaly 30-dan gowrak ýurda gelen syýahatçylar türkmen paýtagtynyň we Mary şäheriniň ajaýyp ýerlerine baryp gördüler.

 

Syýahatçylar üçin gadymy taryhy, baý medeniýeti, özboluşly däp-dessurlary bolan ajaýyp ýurdy açmaga türkmen syýahatçylyk kompaniýalarynyň biri ýardam etdi. Olar Türkmenbaşynyň ruhy metjidine, Haly muzeýine, Garaşsyzlyk binasyna we başga ýerlere baryp gördüler. Daşary ýurtly myhmanlar üçin syýahatyň iň ýatda galan pursatlary Garagum çölünde ýerleşýän Derweze gaz ojagyna baryp görmekde jemlendi.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Ine, mart aýynda geçirilen Halkara syýahatçylyk maslahatynda öňdebaryjy türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk operatorlaryň geljegi uly hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi.

 

Laçyn ÖWEZOWA,

 

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň talyby.