Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Okamak hakynda
  02.07.2022
662
Okamak hakynda

      Köpleriň pikiriçe häzirki wagtda adamlar az okaýar diýen netijä gelinýär. Emma, tersine häzirki wagtda adamlar gaty köp okaýar. Yzy üzülmeýän sms ýazgylary, internet ulgamynda dürli täzelikler we beýlekileri sanamak bolýar. Ýöne bulary kitap okamak bilen çalşyp bolmaýar. Kitap okamak adamzady kämilleşdirýär. Kitap okaýan wagtyň sözlük goruň baýlaşýar, ýatkeşligiň güýçlenýär, seniň özüň täsirli gürrüňçä öwrülýärsiň. Okamak bilen bagly bolan köp sanly gyzykly maglumatlara duş gelmek bolýar.

       1.  Adam okaýan wagtynda onuň gözleri dürli tarapa seredýär.

     2.  Adamlaryň 95%-i örän haýal okaýar. Bir minutda 180-220 söz okaýar. Ýagny bir sahypany 1,5-2 minutda okaýar.

       3. Haýal okaýan adamyň gözleri tiz okaýan adamyňka seredeniňde köp ýadaýar.

       4.Tiz okaýan adam 80% maglumaty kabul edýär, haýal okaýan adamyň kabul edijiligi  60%-e deňdir.  

      5.Okaýan adamyň gözleri dürli ýerlere seretmek bilen dürli şekilleri berýär, emma beýni ol maglumatlary bir şekilde jemleýär.

       6. Haýal okaýan adamyň gözleri kitabyň bir setirinde 12-16 gezek säginýär. Tiz okaýan adam bolsa 4-2 gezek säginýär. 

       7. Napalion bir minudyň dowamynda 2000 söz okamagy başarypdyr.

       8. Balzak roman okaýan wagtynda 30 minudyň dowamynda 200 sahypa okamagy başarypdyr.

       9. M. Gorkiý bir minudyň dowamynda 4000 sany söz okapdyr. 

      10.N.A. Rubakin 25000 kitap okapdyr.

    11. E.Gaon okan kitaplarynyň 2500-e golaýynyň kitapdaky bar bolan maglumatlary sözme-söz ýat tutmagy başarypdyr.

    12. T.Edison  ýokary derejede ünsli bolmagynyň netijesinde birbada iki setirde ýazylan maglumaty okamagy başarypdyr. Şeýle hem şol maglumatyň haýsy sahypada ýerleşýänligini bilipdir.

             Ramazan NURÝAGDYÝEW

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2 – nji ýyl talyby