Bagtyýar zamanamyzda ata Watanymyz asyrlara barabar ösüşleri gazanýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda oba hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berip, halkymyzyň hal-ýagdaýy, durmuş şertleri düýp göter gowulanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk önümçiligini köpugurly esasda ösdürmäge, däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, maldarçylyk we guşçulyk ýaly ugurlar boýunça toplumlary döretmäge, şeýle hem önüm öndürijileriň, gaýtadan işleýän senagatyň we hyzmat düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Ekinler görnüşleri boýunça sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyk ýerleşdirilýär. Gök-bakja ekinlerini we ir iýmişleri ösdürip ýetişdirmek üçin berilýän ýerleriň meýdany barha artdyrylýar. Bu günki gün oba hojalygyny güýçli depginler bilen ösdürmek we özgertmek, ony girdejili pudaga öwürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Irginsiz zähmet çekýän daýhanlaryň yhlasy bilen ýurdumyzda bazar bolçulygy döredilýär. Döwletimiz tarapyndan daýhanlaryň netijeli işlemegi, toprakdan bol hasyl öndürip, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini ulanmakda täzeçil usullardan peýdalanylýar. Daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Mineral dökünleri öndürýän kärhanalar gurulýar. Suwaryş we zeýkeş ulgamlary, täze howdanlar gurlup, ekerançylary bol suw bilen üpjün etmek hem-de ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Suwdan rejeli peýdalanmak maksady bilen, täzeçil usullar, şol sanda ekinleri suwarmak boýunça tehnologiýalar işjeň peýdalanylýar. Gök önümleri ýetişdirmekde emeli ýagyş suwy, miweli baglara ideg etmekde damjalaýyn suwaryş usuly oňat netije berýär. Obasenagat toplumyny ösdürip, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan işleriň netijesinde halkymyzy ýokary hilli, ekologik taýdan arassa we ýokumly önümler bilen üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ak bazarlarymyzda we söwda merkezlerimizde et, balyk, gök we miwe önümleriniň, dürli görnüşli içgileriň, çörek we çörek önümleriniň hem-de beýleki azyk harytlarynyň bolçulygy emele gelýär. Ýokary hilli we elýeterli bahasy bilen tapawutlanýan milli önümlerimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar. Oba hojalyk ulgamynyň kuwwatyny artdyrmakda hususy işewürligiň paýy barha ýokarlanýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylan işler, hususy ulgama döredilen ýeňillikli şertler özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda iş alyp barýan daýhan hojalyklarynyň, hojalyk jemgyýetleriniň sany we olaryň öndürýän önümleriniň möçberleri artýar. Ekerançylaryň yhlasly zähmetleriniň netijeleri agzybir halkymyzyň bereketli saçaklarynyň bezegi, günsaýyn kuwwatlanýan Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň, baky juwan türkmen topragynyň baýlygynyň gözbaşydyr.