Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaplary geljekki nesiller üçin pähim-paýhas mekdebi ✦ ✦ Stomatologiýada ulanylýan enjamlaryň fiziki häsiýetleri ✦ ✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Oba hojalyk özgertmeleri batly depginde
  25.11.2022
1083
Oba hojalyk özgertmeleri batly depginde

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleri ilatymyzy azyk bolçulygy bilen üpjün etmek bilen, bu ugurdaky tutumly işler rowaçlyga beslenýär. Ýurdumyzyň oba senagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilen wajyp wezipeleri yzygider kesgitlenilýär. Şol wezipeler bolsa pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryşyň tygşytly usullaryny önümçilige ornaşdyrmak ýaly işleri talap edýär. 

Ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň döwlet satyn alyş nyrhlary hem ýokarlandyrylýar. Daýhan hojalyklara, paýdarlar jemgyýetine we ylmy-barlag institutlaryna, kärendeçilere, hususy telekeçilere hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli bank karzlary bermeklik hem ýola goýulýar. Şonuň hasabyna hem oba hojalyk tehnikalary, abzallary we gurallary, suwaryş işinde ulanylýan enjamlar hem turbalary satyn alynýar. Şeýle-de döwletimizde gurulýan, ýylyň ähli döwründe ilaty gök önümler bilen üpjün etmeklige itergi berýän döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň sany hem ýylsaýyn artýar.

Oba hojalyk ulgamynyň möhüm bölegi bolan maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin hem zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzda oba zähmetkeşlerine, edermen daýhanlara döwlet tarapyndan zerur bolan ýeňillikleriň mümkinçilikleriň döredilýändigini häzirki döwrümiziň mysalynda görmek bolýar. Bularyň hemmesi oba hojalygyny köptaraplaýyn ösdürmegiň ýörite kabul edilen kanunlarynyň, maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýänliginden gelip çykýar. Innowasiýalaryň ösen döwründe oba hojalyk önümçiligine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hem degişli çäreler görülýär. Bu bolsa pudakda alnyp barylýan işleri sanlylaşdyrmaga, dünýä derejesi bilen aýakdaş gitmeklige itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny düýpli ösdürmek baradaky alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden pudagy ylmy esasda ösdürmek meselesi hem eriş-argaç bolup geçýär. Şol nukdaýnazardan hem ýurdumyzda hereket edýän dürli görnüşli ylmy-barlag institutlaryny we merkezlerini, tohumçylyk hojalyklaryny döretmek we binýadyny berkitmek baradaky kararlary önümçiligi ylmy esasda ösdürmäge, ata-babalarymyzyň baý ekerançylyk däplerini ylmyň soňky gazananlary bilen utgaşykly alyp barmaklyga ýardam edýär.

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmeklige uly üns berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, tutumly başlangyçlary rowaç alsyn. 

 

Parahat NURYJYKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.