logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Nvidia «Time» žurnalynyň dünýäniň iň gowy kompaniýalary sanawynda birinji orny eýeledi
  23.09.2026
107
Nvidia «Time» žurnalynyň dünýäniň iň gowy kompaniýalary sanawynda birinji orny eýeledi

«Time» žurnaly dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň 2026-njy ýyl üçin täzelenen sanawyny hödürledi. Reýtingde 100 baldan 97,51 bal alan çip öndürijisi Nvidia ilkinji orny eýeledi. Apple kompaniýasy bolsa 93,16 bal bilen ilkinji onluga gaýdyp gelip, sanawda üçünji basgançaga ýerleşdi.

 

Kompaniýalara baha berlende bilermenler üç esasy görkezijini göz öňünde tutdular. Olaryň arasynda işgärleriň iş şertlerinden kanagatlanma derejesi, soňky üç ýylyň dowamynda girdejileriň ösüş depgini hem-de ekologiýa taýdan durnukly ösüş görkezijileri bar.

 

Apple-yň ýokary orunlara gaýdyp gelmegine kompaniýanyň maliýe görkezijileriniň gowulanmagy täsir etdi. Kompaniýa tomus aýlarynda ýyllyk girdejisiniň 10 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, ekologik durnuklylyk görkezijisi boýunça Apple 24-nji orunda ýerleşdi, işgärleriň kanagatlanma derejesi boýunça bolsa Microsoft we IBM ýaly kompaniýalardan yza galdy.

 

Nvidia-nyň reýtingde öňe çykmagy we AMD kompaniýasynyň ilkinji onluga girmegi emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösmegi bilen baglanyşykly. Bu ugurdaky ösüş ýokary öndürijilikli hasaplaýyş enjamlaryna bolan islegi artdyrdy.

 

Reýtingiň öňdäki böleginde Meta 4-nji, Microsoft 6-njy, Deutsche Telekom bolsa 7-nji orny eýeledi.

 

Beýleki iri tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda Lenovo 51-nji, Dell 114-nji, Samsung 153-nji, TSMC bolsa 182-nji orunda ýerleşdi.

 

Mukam AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.