Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly çözgütler bilen ykdysadyýetiň täze keşbi ✦ ✦ Edebiýat we pedagogika — ýaşlaryň ruhy ýolbeletleri ✦ ✦ Gadymy hünäriň eýesi: Daşoguzly ussa ýokary ada mynasyp görüldi ✦ ✦ Türkmen alabaýynyň halkara güwänamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ “Merkezi Aziýa + ABŞ” işewürlik forumy geçiriler ✦ ✦ Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär ✦ ✦ Sanly ulgam - ykdysadyýetiň ösüşi ✦ ✦ Nemes dilini öwretmekde internet platformalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde döwrüň talaby ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /NOÝABR SAZ FESTIWALYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
  03.11.2022
1023
NOÝABR SAZ FESTIWALYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

1-nji noýabrda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly noýabr saz festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu festiwal konserwatoriýada okap bilim alýan talyp ýaşlaryň hem-de ýaş mugallymlaryň zehinlerini açyp görkezmek maksady bilen geçirilýär.

Festiwal noýabr aýynyň dowamynda geçmek bilen ähli ugurlara degişli saz gurallarda bilim berýän ýaş mugallymlaryň ýekelikde we olaryň bilim berýän talyplary bilen bilelikdäki konsertlerine orun beriler.

Geçirilen açylyş dabaranyň çäginde konserwatoriýanyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň mugallymy halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylygynda saz toparynyň konserti geçirldi. Toparda konserwatoriýanyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň mugallymlary Tahyr Ataýew, Kakageldi Hojalekow we talyplar Aýlar Botaýarowa we Abadan Meredowa çykyş etdiler.

Konsertiň meýilnamasy dünýä belli daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinden düzülipdir. Ýerine ýetirilen eserlerden N. Paganiniň Kapris №24 kwartet, D.Şostakowiçiň fortepiano kwinteti we iki skripka üçin duet ýaly eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirler eserler boldy.

Şeýle hem konsertiň dowamynda kompozitor Röwşen Nepesow «Duýgularyň mozaikasy» eseri ýerine ýetirildi. Has bellenilmeli zat awtoryň bu eseri sazandalar bilen bilelikde ýerine ýetirmegi diňleýjiler köpçüligi üçin has hem şowhunly boldy. Kompozitor öz gezeginde festiwalyň ýaş sazandalaryň bu ugurda ýokary derejelerine ýetmegi üçin peýdaly boljakdygy barada aýdyp geçdi hem-de bu saz çäresi bilen ähli gatnaşyjylary gutlady.

Festiwalyň açylyş dabarasynda gatnaşyjylar ýaş sazandalaryň ýokary derejede bilim almaklary babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. 

 

Röwşen ATAÝEW,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Sazyň taryhy» kafedrasynyň mugallymy.