logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Economics /Nesil terbiýesi-maşgalanyň baş galasy!
  30.06.2021
1242
Nesil terbiýesi-maşgalanyň baş galasy!

    Ene-maşgalanyň, edep-terbiýäniň, geljekki döwrebap şahsyýetleriň ösüp ýetişmeginiň, jemgyýetiň işjeň agzalarynyň kemala getirilmeginiň esasyny dörediji hasaplanylýar. Häzirki zaman terbiýesiniň gözbaşynda bolan eneler we olaryň maşgala gurşawyndaky edep-terbiýäniň alnyp barlyşyna gatnaşyklary hem milli kökleriň çuňluklaryndan gözbaş alýar. Muny nusgalyk saýýan enelerimiz durmuşymyzda ojagymyzyň eýeleri, nesilleriň dowamat-dowam bolmagyndaky ýeke-täk gudratdyr. Ene perzent ýetişdirýär, ol perzendine topragyny, ýurduny, ilini-gününi, Watanyny goramagy ilkinji bolup öwredýän ynsan.

    Ene diýlende, mähir-muhabbetiň iň ýakymlysy, ukusyz geçirilýän gijeleriň pidasy bolan, balasynyň üstüne ganatyny gerip, onuň barmagyna tiken batmagyna-da dözmeýän ýeke-täk üýtgeşik ynsan göz öňüňde janlanýar. Ene öz eziz balasynyň durmuşynyň her bir pursadyna şol hamraklygy bilen şärik bolýar. Terbiýede hem enäniň yhlasyna we güýjüne daýanmak maşgala terbiýesini öz akymyna goýbermezligiň ilkinji şerti. Dürli tehnologiýalaryň elýeterli bolan häzirki döwründe-hä enäniň maşgala terbiýesindäki orny has-da ýokarlanýar-indi ene öz çagasy bilen has ýakyn, has netijeli gatnaşykda bolmaly, ynanyşykly, hoşgylaw gatnaşygy ýola goýmaly.

    Ene mähri çagany köp görnüşli täsirlerden gorap biler. Ogul-gyzyň kämillik ýaşyna ýetenden soň, asylly işleri edip, il-günüň derdine ýaramagy, halkyň ýokary bahasyna mynasyp bolmagy, durmuşda abraý-mertebeli bolup, maşgala ojagyna abraý getirip, maşgalanyň jemgyýetdäki sylag-hormatyny geljekki nesillere ýetirmegi - bular enäniň hyzmatydyr. Bu bolsa jemgyýeti kemala getirýän her bir maşgalanyň berk binýatly bolmagyny, sagdyn jemgyýeti şertlendirýär.

    Geljekki maşgala ojaklarynyň eýeleri bolan gyzlarymyzyň edepli-ekramly, jemgyýetiň işjeň agzalary bolup ýetişmeginde mährem enelerimiziň örän uly orny bardyr. «Oturşy-turşy edaly» türkmen gyzlarynyň maşgala durmuşyna taýýarlanylmagynda-da enäniň eýeleýän uly orny ykrar edilendir. Halkymyz öz döreden pähimlerinde enäniň gyzy terbiýelemekdäki ýokary ähmiýetli jogapkärçiligini durmuş bilen baglanyşyklylykda aňladypdyr. «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini», «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde». Şeýle ýörelgeleri çelgi edinen mährem enelerimiz geljekki durmuşyndaky ýüze çykaýjak gatnaşyklaryndaky edep kadalaryny gyz çagalaryň edebine-terbiýesine siňdirýär. Ene durmuş eleginde elenen milli duýgy-düşünjesini eziz perzendine öwüt-ündew bilen geçirýär. Enäniň kalbyndan syzylyp çykýan, onuň ak süýdüne siňdirip, balasyna geçiren terbiýe ýörelgeleri, tutuş mähremlige eýlenen ruhy dünýäsi millilige ýugrulandyr. Hut şonuň üçin-de, döwrebap ýaşlary halkymyzyň geçmişine, medeni we edebi mirasyna, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna hormat-sarpa bilen garamak ruhunda terbiýelemegiň berk binýadyny döretmek zerur bolup durýar.