Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦ ✦ Türkmenistan bilen Eýran söwda hyzmatdaşlygyny giňeldýär ✦ ✦ Türkmen talyplary “Python” dili bilen robot işläp düzdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025»-iň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ «Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany» atly dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /NESIL TERBIÝESI!
  01.12.2020
1189
NESIL TERBIÝESI!

      Terbiýeli perzendi ösdrip ýetişdirip, il hataryna goşmak örän uly jogapkärçilik talap edýär. Adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde nesil terbiýesi her bir maşgalanyň, milletiň, döwletiň öňündäki baş wezipe, esasy alada hasaplanypdyr. Ata-babalarymyzyň bu ugurda baý durmuş tejribesiniň bolanlygyna bize gelip ýeten taryhy ýazgylaryň, halk döredijilik eserleriniň üsti bilen göz ýetirýäris. Türkmen ojaklarynda ata ogla, ene gyza öz görüm-göreldesini geçirip gelýär. Nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, watansöýüji ýaşlar bolmagynda edilýän beýik işler aýdyňlygyny eçilýär. Pederlerimiziň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde toplan gymmatly tejribesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz miwelerini berýär. Nesilleriň kämilligi baradaky alada maşgaladan başlanýar. Her bir öý-ojakda ululara hormat goýmak, kiçilere edep-terbiýe bermek ýaly ahlak gymmatlyklary milli ýörelgeleriň berk sütünini emele getirýär. Nesil terbiýesiniň başlangyjy öý-ojakdan başlanyp, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly ynsana mahsus gowy endikler bilen berkeýär. Ojagyň abatlygy, agzybirligi, bir-birege bolan sylag-hormaty maşgala terbiýesiniň ähmiýetini artdyrýar. Sagdyn maşgaladan sagdyn ruhly, il-halk üçin haýyrly nesiller ýetişýär. Maşgalada milli ýörelgelere uly ähmiýetiň berilmegi nesil terbiýesine öz täsirini ýetirýär. Şeýle gymmatlyklary özünde jemleýän maşgaladan erbet adam çykmaýar. Edepli-terbiýeli nesiller bilim basgançaklarynda binýatly bolmaga çalyşýar. Nesil dowamatynyň mertebesini beýgeldýän at-abraý, il-güne ygrarlylyk, belent adamkärçilik ýaly milli duýgular her birimiz üçin mukaddesdir. «Edepli ile ýarar» diýýän milletimiz edep kadalarynyň düzgünlerine mukaddeslik hökmünde sygynýar. Geçmişimizde hem her bir şahsyýetiň edep-terbiýesine, gelip çykyşyna uly baha berlendigini halk döredijiliginde, dessanlarymyzda hem görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinden edep kadalarynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusyndaky altyna gaplaýmaly parasatly jümleler eriş-argaç bolup geçýär. Halkymyzyň «Älem içre at gezer» atly çuň manyly kitabynda nesil terbiýesi barada şeýle ýürege ýakyn jümleler getirilýär: «Nesil! Nesil-munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer». Nesil terbiýesi baradaky şeýle ajaýyp sözleri okanyňda, nesil dowamaty hakda has içgin oýlanýaň.