logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Saglyk /Nar haýsy ýagdaýlarda saglyk üçin zyýanly?
  28.10.2022
1385
Nar haýsy ýagdaýlarda saglyk üçin zyýanly?

Nar witaminlere, mineral maddalara we peýdaly mikroelementlere örän baýdyr. Ol güýçli antioksidant we sowuklama garşy häsiýetlere eýedir, şeýle hem, ol bogunlaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýär we ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak howpuny peseldýär.

Nary we nar şerbetini kabul etmeklige garşy görkezmeler kän däl, emma şeýle-de bolsa, olar bar.

Nar şerbeti gan basyşyny peseltmäge ukyply, şonuň üçin gipotoniýada (gan basymynyň pes bolmagy), ony kabul etmekligi azaltmaly. Şeýle-de nar gany suwuklandyrmak ukybyna eýedir, şol sebäpli ony trombozlaryň öňüni almaklyk üçin ulanyp bolar. Emma, eger siz gany suwuklandyrmak üçin ýörite derman serişdelerini kabul edýän bolsaňyz, onda ony nar bilen bilelikde utgaşdyrmak bolmaýar. Şeýle edilende, ganyň lagtalanmagy bilen bagly meseleler ýüze çykyp biler.

Şeýle hem, nar aşgazan-içege ulgamynyň keselleriniň birnäçesi üçin gadagan edilen önümleriň sanawyna girýär. Sebäbi bu miwe aşgazanda duz turşusynyň işlenip çykarylyşyny ýokarlandyrýar, munuň netijesinde uzak wagtlap dowam edýän keselleriň ýitelmegine getirip bilýär.

Öz dişleriniň ýagdaýy barada alada edýän adamlar, iýmit sanawyndan naryň möçberini azaltmaly. Sebäbi, naryň şerbedi ýygy-ýygydan kabul edilende, onuň düzümine girýän maddalar diş gabygyny dargadyp we inçeldip biler.

Aýdylanlardan başga-da, nar şerbedini kiçi çagalara içirmek maslahat berilmeýär. Çaganyň iýmit sanawyna bu önümi iki ýaşdan öň girizmeli däl. 

 

Batyr NURYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy