logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Mukaddesdir, keremdir türkmen tamdyry!
  09.11.2022
1566
Mukaddesdir, keremdir türkmen tamdyry!

Milliligi kalbyna siňen türkmen halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy, medeni mirasy hem-de baý medeniýeti bar. Üstünden ençeme asyrlar geçse-de, gymmaty egsilmejek milli gymmatlyklarymyz halkymyzyň aňynda häzir hem ebedi ýaşaýar. Şeýle medeni gymmatlyklaryň biri-de her bir türkmen ojagynyň bezegi, mukaddes türkmen tamdyrydyr. Aziýa halklarynyň arasynda tamdyr çörek we çörek önümlerini hem-de dürli tagamlary taýýarlamak maksady bilen irki döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär. Bulardan başga-da tamdyr Alynky Aziýa ýurtlarynda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Gruziýada, Gyrgyzystanda, Russiýanyň günortasynda, Gazagystanda, Täjigistanda we Hindistanda giňden ýaýrapdyr. Türkmen alymlarynyň Göksüýriniň golaýyndaky geçiren arheologik işleri irki wagtda gadymy ilatyň çig kerpiç jaýlarda ýaşandygyna şaýatlyk edýän tapyndylar tapylyp, şol jaýlarda hem türkmen tamdyryna çalymdaş ýarym tegelek görnüşli peçler oturdylypdyr. Şeýle-de Akdepe galasynyň töwereginde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde galanyň gündogar böleginde tegelek tamdyryň yzlary tapyldy. Bu taryhy tapyndylar geçmişde ata-babalarymyzyň gündelik durmuşynda tamdyry peýdalanandyklaryna şaýatlyk edýär. Türkmen däp-dessurlarynda we milli yrym-adatlarynda tamdyr maddy-medeni ýadygärlik hökmünde möhüm orny eýeleýär. Mukaddes tamdyr häzirki güne çenli halkymyz üçin agzybirligiň, rysgal-döwletiň hem jebisligiň nusgasy hasaplanypdyr. Halkymyzyň arasynda tamdyr bilen bagly urp-adatlar, däpler hem aýtgylar köp bolupdyr. Türkmen tamdyry ähli döwürlerde hem mukaddeslik saýylypdyr, çünki onda mele-myssyk çörek bişirilipdir. Şular bilen bir hatarda, tamdyryň daşky diwary milli nagyşlar bilen bezelip, aýratyn hem goçak nagşy tamdyra özboluşly bezeg beripdir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda medeni mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar, milli gymmatlyklarymyzyň belent nusgasy mynasyp dowam etdirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň aňynda hem kalbynda milli gymmatlyklarymyza bolan sarpany, buýsanjy has-da goşalandyrýar. 

 

Aýdana DOSNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.