logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Mukaddes ynama wepaly ýaşlar
  23.01.2023
1177
Mukaddes ynama wepaly ýaşlar

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmegi ömrümize şandyr, göwnümize delalatdyr. Asyrlaryň akabasy, nesilleriň ybadaty bolup gelen hoş günler kalplaryň zynaty, ak arzuwlary wysala öwrüp, bagtyýarlyk peşgeş berdi.

Ýaşlar geljegi gurujylar, jemgyýetiň kuwwatly güýji hökmünde uly mümkinçilige eýe bolup, olary watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaş maşgalalary goldamak wezipeleri döwlet syýasatynyň merkezinde durýar. Häzirki döwürde ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglydyr. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny ösdürmekde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Şol bir wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ähli şertler döredilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli nesilleri kemala getirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Goý, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylymyz Ýer ýüzüne parahatçylyk, abadançylyk, uly üstünlikler hem-de rysgal-bereket getirsin! Bütin adamzat jemgyýetçiliginiň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent maksatlary rowaçlyklara beslensin! 

 

Agajan RAHMANOW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.