logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Millilik – döwletliligiň özeni
  16.08.2022
988
Millilik – döwletliligiň özeni

Türkmen halky taryhyň dürli döwürlerinde milli gymmatlyklaryň naýbaşy nusgalaryny döredip, adamzat nesline miras goýan halklaryň biridir. Elbetde halkymyz zenanlara, gyz-gelin terbiýesine uly sarpa goýýar. Türkmen halkynyň uzak taryhyň dowamynda sünnäläp, gaýtalanmajak milli özboluşlylyk derejesinde ezizleýän gymmatlyklary häzirki wagtda uly röwşe eýe bolýar. Muny türkmen zenanlarynyň milli egin-eşikleriniň asyrlar aşyp gelýän ülňüsiniň üýtgewsiz saklanylmagy bilen biçüw hem-de keşde bezegleriniň döwrebaplaşdyrylmagynda-da aýdyň görünýär.

Türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri geýinmegiň ýazylmadyk milli kadalaryny kemala getirendiklerini hem aýratyn bellemek zerurdyr. Çünki erkek adamlar bilen bir hatarda, türkmen zenanynyň işde, öýde, myhmançylykda, toýda, ýasda, uzak ýola nähili geýinmelidiginiň ýazylmadyk düzgün-tertipleri nesilden-nesle üýtgewsiz geçirilip, dowamat dowam tapýar.

Islendik milleti millet hökmünde öňe çykarýan, beýleki milletlerden tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň biri bolan egin-eşikler, ene diliň ezizligi ýaly, özboluşly gymmatlyk hökmünde aýratyn sarpalanýar.Türkmen zenanynyň geýinmek edebi hem, edil köpçülikde özüňi alyp barmagyň ýazylmadyk kadalary mysaly, ene-mamalaryndan miras galdyrylyp, kämil senet hökmünde hormatlanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde şeýle-de ýaşlary paýhasly pederlerimizden galan asylly däp-dessurlaryň, milli häsiýetleriň esasynda terbiýelemek babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.