logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Economics /Milli ykdysadyýetimiz ösüşiň täze ulgamlarynda
  10.11.2023
600
Milli ykdysadyýetimiz ösüşiň täze ulgamlarynda

Häzirki wagtda ýur­du­myz­da mil­li yk­dysa­dy­ýe­ti­mi­zi ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na tap­gyr­la­ýyn esas­da ge­çir­mek, ýo­ka­ry maýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny güýçlendir­mek, dur­muş ul­gam­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, şeý­le hem döw­let bi­len hu­su­sy bö­le­giň hyzmat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­batda ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýurdu­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dür­li pu­dak­la­ry­na tä­ze in­no­wa­sion we şol san­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naşdy­ryp, elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­nyşy­gy­na hem-de elekt­ron şah­sy­ýet­nama­lar ulga­my­na geç­mek, bäs­deş­li­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti, saz­la­şyk­ly iş­le­ýän elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­retmek, san­ly ara­gat­na­şyk ba­ba­tyn­da şä­her­le­riň we oba­la­ryň ara­syn­da­ky ta­pa­wu­dy aradan aýyr­mak ýa­ly wezi­pe­ler or­ta çyk­ýar. Bu we­zi­pe­ler mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk, şol san­da In­ter­net hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­niň we ygty­bar­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, ada­myň aň-bi­lim mümkin­çi­lik­le­ri­niň do­ly de­re­je­de ula­nyl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. Şeý­le hem zäh­met kanun­çyly­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­niň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da döw­let sta­tis­ti­ka ul­gam­la­ryny öz­gert­mek, stan­dartlaş­dyr­mak we äti­ýaç­landyrmak boýunça netijeliçäreler durmuşa geçirildi.Amatlylyk, çaltlylyktygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir.Şoňa göräde, döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary  kesgitlenildi.

 

 

Ýurdumyzda sanly ulgamy doly ornaşdyrmak üçin ony üpjün etmek maksady bilen kanunçylyk binýady hem yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda döwrebap şähergurluşyk tejribesi esasynda ähliamatlyklara eýe bolan«akylly öýler» yzygiderli gurulýar.Günsaýyn ösüşiň täze belentliklerine barýan Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ulgamygiňden ornaşdyrmak,elektron senagatyny ösdürmek, innowasion önümçiligi artdyrmak boýunça birnäçe işlerdur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

 

 

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýeti­mi­ziň äh­li pu­dak­larynda, şol san­da ylym­da we bi­lim­de hem san­ly teh­nolo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy «Türkme­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­larda san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ösdürmegiň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar. Kon­sep­si­ýa­nyň çä­gin­de bu ul­gam­da aý­ra­tyn Döw­let Mak­satna­ma­sy hem-de ony ama­la aşyr­magyň çä­re­le­riniň me­ýil­na­ma­sy hereket ed­ýär. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň bu ul­ga­ma or­naş­dy­ryl­ma­gy ýur­du­myz­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­nyň esa­syn­da mil­li san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ni, okat­ma­gyň in­no­wa­sion çe­me­leş­mele­ri bi­len ut­ga­şyk­ly­lyk­da mag­lu­mat kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň bi­li­miň äh­li bas­gan­çak­la­ryn­da giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry hemde okat­ma­gyň in­no­wa­sion usu­ly­ýe­ti bi­lim ul­ga­my­na giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi, döw­le­ti­miz­de san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek, bu ugur­da dünýä tej­ri­be­si­niň gaza­nan­la­ry­ny, san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň döw­re­bap teh­no­logi­ýa­la­ry­ny giň­den or­naşdyr­mak bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gertme­le­re tä­ze ba­dal­ga be­rer.

 

 

Sülgünjemal ORAZMÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar
institutynyň mugallymy.