logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Milli Geňeşiň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty öz işine başlady
  21.01.2023
989
Milli Geňeşiň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda geçirilýän maslahatyň gün tertibine konstitusion topar tarapyndan taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek bilen bagly meseleler girizildi. 

Umumymilli foruma ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, Diýarymyzyň sebitlerine wekilçilik edýän il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatyny açyk diýip yglan edenden soňra, Döwlet senasy ýaňlandy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, dürli gatlaklara wekilçilik edýän ildeşlerimiziň çykyşlary diňleniler, kanun çykaryjy häkimiýetiň düzümlerini kämilleşdirmek bilen bagly möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Arakesme wagtynda bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçiriler we toý sadakasy berler.

Günüň ikinji ýarymynda bilelikdäki maslahatyň işi dowam eder. Onuň jemleri boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýar.

 

«Türkmenistan»