2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda sanly ulgam arkaly usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdy.
Maslahat Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylan, Milli bilim institutynyň hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda guraldy. Onda bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek hem-de bilim özgertmelerini amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahaty Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimow açyp, oňa gatnaşanlary Täze 2025-nji ýyl bilen gutlady hem-de bilim ulgamynda täze üstünlikleri gazanmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça 2024-nji ýylda alnyp barlan işler seljerilip, täze maksatnamalar we wezipeler kesgitlenildi.
Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory S.K.Durdyýew 2024-2025-nji okuw ýylynyň çäginde kabul edilen we durmuşa geçirilýän Konsepsiýanyň bilim ulgamyndaky ähmiýeti barada giňişleýin çykyş etdi. Şeýle hem, ol mekdep okuwçylarynyň bilim derejesini halkara ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak, PISA, TIMSS we PIRLS ýaly maksatnamalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Maslahatda Milli bilim institutynyň dürli bölümleriniň ýolbaşçylary we Baş bilim müdirlikleriniň hünärmenleri çykyş etdiler. Olar geçen ýylda geçirilen usuly-amaly okuwlaryň jemleri we 2025-nji ýylda meýilleşdirilýän çäreler barada giňişleýin durup geçdiler. Pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmakda tejribe alyşmagyň, täze usullary ornaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar döwlet tarapyndan bilim ulgamyny ösdürmek üçin döredilýän giň mümkinçiliklere aýratyn minnetdarlyk bildirip, bu ugurda işlerini has-da kämilleşdirjekdiklerini bellediler.
Aýgül GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary
fakultetiniň öwreniji mugallymy.