Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Milli ,,Ak bugdaý’’ muzeýi
  08.03.2021
519
Milli ,,Ak bugdaý’’ muzeýi

       Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli ,,Ak bugdaý’’ muzeýi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýär we ýurdymyzda iň uly muzeýleriň biri hasaplanýar. Bu taryhy muzeýiň açylanyna uzak wagt hem geçmedik bolsa uly at-abraýdan peýdalanýar. Çünki gysga döwrüň içinde ýaşlaryň, syýahatçylaryň ýüzlerçesi gelip, türkmen halkynyň taryhy medeni we sungat ýadygärliklerini, arheologik tapyndylaryny, türkmen gelin-gyzlarynyň gadymy lybaslaryny synlap, öz gözýetimiňi giňeltmäge uly mümkinçilik berýär.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli ,,Ak bugdaý’’ muzeýi 2005-nji ýylyň 15-nji iýulynda, ýurdymyzda Galla baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde açyldy. Bu taryhy muzeý 1-nji we 2-nji gatdan ybarat bolup, 4 bölümden durýar.

1. Arheologiýa bölümi.

2. Etnografiýa bölümi.

3. Oba hojalyk we ekerançylyk bölümi.

4. Berkararlyk bölümi.

Arheologiýa bölüminde arheologiki gazuw agtaryş işleri geçirilende tapylan tapyndylar, şeýle-de bugdaý dänesi, keramiki toýundan ýasalan önümler, küýze bölekleri saklanylýar. Biziň eramyzdan öňki II-müň ýyllykda atyň saklanandygyny aýan edýän atyň dişi we injik süňki saklanýar.

Etnografiýa bölüminde geçen döwürde ene-mamalarymyzyň geýen milli egin-eşikleri, agaçdan we misden ýasalan dürli görnüşli gap-gaçlar, dürli nagyşlar bilen gaýalan kürteler, zenan köwüşleri, ýagny gyrma köwüşler, bökeje köwüşler saklanýar. Şonuň bilen birlikde hem erkek adamlaryň geýýän çokaýlary hem saklanýar. Bu köwüşleriň ählisi iri şahly mallaryň hamyndan, derisinden saklanýar.

Oba hojalyk we ekerançylyk bölüminde zähmetkeş babadaýhanlaryň ýerleri abatlamak barada ulanan zähmet gurallary, ýagny baranalar, azallar, el degirmenleri, degirmen daşlary we meýdan işinde ulanýan oba hojalyk gurallary saklanylýar. Baranalar kesekli ýerleriň kesegini döwmek üçin, azallar bolsa sürülen ýerlerden joýa çekmek üçin ulanylypdyr.

Muzeýde türkmen halkynyň buýsançly geçmişi barada gürrüň berýän medeni gymmatlyklar bilen bir hatarda biziň şu günki ajaýyp döwrümiziň üstünlikleriniň maglumatlary hem öz ornuny tapýar. Bu maglumatlarda geçmiş bilen şu gün birleşip, döwrüň ruhy bitewililigini emele getirýär.

Berkararlyk bölüminde Ata Watanymyzyň häzirki ösüşli günleri giňişleýin suratlandyrylýar. Geçmiş taryhymyzy has-da içgin öwrenmek maksady bilen häzirki wagtda milli ,,Ak bugdaý’’ muzeýi mekdep okuwçylarynyň, ýaşlaryň, syýahatçylaryň yzygiderli gelýän ýerlerine öwrüldi.