logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Meýdan düşelgesindäki dabaraly çäre
  21.06.2025
745
Meýdan düşelgesindäki dabaraly çäre

Ýakynda Tejen etrabynyň „Tejen“ daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde günorta arakesmesi wagtynda Tejen etrap häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda etrap häkimliginiň, medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresi gurnaldy. Bu medeni dynç alyş çäresine etrabyň il-sylagly ýaşulylary, galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdylar.


Baýramçylyk çäresinde etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň, folklor hem-de tans toparlarynyň çykyşlary, sahna wäşileriniň gülkili sahna oýunlary bu ýere gatnaşjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.  Dabaraly çärede etrap hassahanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiziň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ kitabyndan ugur alnyp dermanlyk ösümlikleriniň sergisi, etrap medeniýet bölüminiň merkezi kitaphanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplarynyň serigisi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. 


Dabaranyň ahyrynda galla oragy möwsümine işjeň gatnaşýan mehanizatorlara, sürüjilere hem-de öňdebaryjy kärendeçilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bägül  GURBANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň
esasy hünärmeni.