logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Meşhur «K-Pop» topary «BTS» harby gulluga gidýär
  21.10.2022
1659
Meşhur «K-Pop» topary «BTS» harby gulluga gidýär

Günorta Koreýadan gelip çykan «pop» aýdym-saz medeniýetine degişli «K-pop» soňky wagtlar dünýäde uly meşhurlyk gazandy. Ýurtdan çykýan meşhur aýdymçylar we aýdym-saz toparlary  tarapyndan ýerine ýetirilýän aýdymlar häzirki wagtda dünýäde millionlarça adam tarapyndan diňlenilýär. Bularyň arasynda iň meşhur aýdym-saz topary bolsa «BTS» atly topardygyny aýtsak ýalňyşmarys. Olaryň aýdymlaryny söýüp millionlarça adam diňleýär.

Ýakynda, «BTS» toparynyň janköýerlerini gynandyrjak habar ýüze çykdy. Ýagny, aýdym-saz topary harby gulluga çagyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Günorta Koreýa 18-28 ýaş aralygyndaky ähli erkekleriň harby gulluga gitmegini we iki ýyl gulluk etmegini hökmany hasaplaýar. Ýurtda harby gulluk möhletini yza süýşürmek boýunça iň soňky ýaş bolsa 30 bolup durýar. «BTS» toparynyň bolsa iň uly ýaşlysy 28 bolup durýar. Şol sebäpli topar ýakynda iki ýyl harby gulluga etmek üçin giderler. Topar indi 2025-nji ýylda ýene birek-birek bilen duşuşar.

Geçirilen gözleglere görä, «BTS» topary Günorta Koreýanyň ykdysadyýetine ýylda 3,6 milliard dollar goşant goşýar.