Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Mertlik mekdebi
  19.11.2024
73
Mertlik mekdebi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan ajaýyp milli medeniýetini, sungatyny, dilini, edebiýatyny, taryhyny ylmy esasda öwrenmeklige giň ýol açyldy. Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we irginsiz aladalary netijesinde, ozal türkmen halkyna nämälim bolan ýa-da az üns berlen ajaýyp türkmen alymlarynyň, akyldarlarynyň, ýazyjy-şahyrlaryň onlarçasy häzirki ajaýyp döwrümizde öz mynasyp orunlaryny eýelediler hem-de baý edebi mirasymyzy, şeýle hem olaryň döredijiligini ýakyndan öwrenmeklige giň mümkinçilik döredildi. Şonuň netijesinde hem edebiýatymyza, sungatymyza bolan çäksiz söýgi ýaş nesilleriň kalbynda möwç urýar.
 

Taryhymyza ser salyp görsek biziň ägirt uly ussat ýazyjy-şahyrlarymyzyň ýaşap geçendiklerine göz ýetirmek bolýar. Olar öz döwürleriniň dürli meselelerini nusgawy edebiýatymyzyň üsti bilen biziň şu günlerimize ýetirendikleriniň şaýady bolsak, biz hem geçmişiň ajaýyplyklaryny nusga edinip, şu günlerimiziň eşretli durmuşyny wasp edip, geljekki nesillerimize ýetirmekde özümizi uly borçly duýýarys. Sebäbi edebiýat söz sungaty hökmünde ruhy hadysa bolup, ol diňe bir düýnümiz, şu günümiz üçin wajyp bolman, eýsem ertirimiz üçin hem örän zerurdyr. Çünki edebiýat ynsan ömrüniň synmaýan, ýitmeýän aýnasydyr. Ol aýnada adamyň ýaşaýşy, çeken hubbatly kynçylygy, gazanan bagtyýar durmuşy, häsiýeti we arzuwy söz arkaly suratlandyrylýar.
 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sözüň doly manysynda döredijilik zamanasy. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik işgärlerine ýüzlenip: “Indi biz täze döwürde ýaşaýarys. Döredijilik işgärleriniň hem täze döwre öz garaýşy, goşandy bolmaly. Siz öz eserleriňiz bilen adamlara şatlyk paýlap, demokratiýany ösdürmek, azatlygy, erkinligi wasp etmek ýaly işlerde nusgawy türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ajaýyp däplerini dowam etdirijiler bolmalysyňyz” diýip, döredijilik işgärleriniň öňünde uly jogapkärli wezipe goýdy.
 

Islendik döwürde-de ýazyjy-şahyrlaryň mukaddes borjy – öz ýaşap ýören döwrüne akyl ýetirip, döwrüň ýürek urgusyny duýup, öz döwrüniň ody bilen girip, küli bilen çykyp döwrüňi baýlaşdyrmakdan, ebedileşdirmekden ybarat bolup durýar. Ine, şeýle ýazyjylarymyzyň biri hem türkmen edebiýatynyň ösüşine öz döredijilik özboluşlylygy bilen saldamly goşant goşan ýazyjylarymyzyň biri hem Nargylyç Hojageldiýewdir.
 

N. Hojageldiýew türkmen halkynyň durmuşynda uly yz galdyran, gowgaly taryhyna bagyşlap ýazan birnäçe  eserleri biziň şu günki günlerimizde hem öz gadyr-gymmatyny gaçyrman gelýär. Sebäbi biz şu günki ýeten ajaýyp durmuşymyzy ata-babalarymyzyň mertligi, merdanalygy, gyrmyzy gany, naçar zenanlarymyzyň namysy bilen gazandyk. Taryha ser salyp görsek başlaryna nähili gowgaly günler düşse-de, damarynda türkmen gany aýlanýan mährem zenanlarymyz öz zenan mertebesini saklap, ar-namyslaryny goramagy başarypdyrlar. Olar zenan namysyny ähli zatdan ýokarda goýupdyrlar. Munuň şeýledigini biz türkmen edebiýatynyň altyn hazynasy bolan türkmen halk döredijiligindäki dessanlardyr, eposlary okanymyzda hem has aýdyň göz ýetirýäris. “Gorkut ata” eposynda zenan mertebesi, onuň batyrlygy, ar-namysyny goraýşy eposyň içinden erş-argaç bolup geçýär. Muňa mysal edip “Gorkut ata” eposynyň “Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalanmagy” boýyny almak bolar.
 

Şükli melek daşyna nökerlerini ýygnap, iýip-içip, keýp edip otyrdy. Ol adamlara garap:

  • Begler, bilýärmisiňiz, Gazana haýp etmek gerek! Boýy uzyn Burla hatyny getirip, oňa şerap süzdürmek gerek! – diýdi.

Burla hatyn bu habary eşidip, ýüregine ot düşdi. Ol kyrk gyzyň arasyna baryp, şeýle nesihat etdi:

  • Gazanyň hatyny haýsyňyz? – diýip, haýsy biriňizden ýapyşsalar, kyrkyňyz kyrk ýerden “men” diýip, jogap berersiňiz – diýdi.  

Şol wagt Şükli melekden adam gelip:

  • Gazan begiň hatyny haýsyňyz? – diýip sorady. Kyrk ýerden “men” diýip owaz çykdy, haýsydyr tanap bilmediler. Olar şalaryna: “Birine ýapyşsak, kyrk ýerden owaz çykýar, biz tanap bilmedik” diýip habar berdiler.
  •  
  • Gazanyň ogly Orazy asyň, etinden goparyp alyň, gara gowurma bişirip, gyzlara eltip beriň. Kim iýse, ol däldir, haýsy iýmese, şol Gazanyň aýalydyr, tutup getiriň, şerap süzdüreliň! – diýip buýruk berdi…

Burla hatyn:

  • Ogul, seniň etiňden iýeýinmi, ýa porsy duşmanyň düşegine gireýinmi, ataň – Gazanyň namysyny ýere çalaýynmy, näme edeýin, oglum? – diýdi.

Oraz aýdar:

  • Bu ne sözdür? Saklan, hatyn ene, meniň üstüme gelme, meniň üçin aglama. Goý, meni çeňňele ursunlar, goý, etimden çeksinler, gara gowurma etsinler, kyrk gyzyň öňüne eltsinler. Olar bir iýse, sen iki igil. Seni duşmanlar bilmesinler, duýmasynlar. Duşmanyň düşegine barmazasyň, olaryň sagragyny süzmäsiň. Atamyň namysyny ýere çalman saklan! – diýdi.   

Görşümiz ýaly Salyr Gazanyň aýaly we ogly Oraz Gazanyň namysyny gorap saklamaklyk üçin gör nähili elhençliklere döz gelmäge kaýyl bolupdyrlar. Olaryň bize miras goýan ar-namyslylygy, edebi, merdanalygy, watansöýüjiligi, mähremligi, ruhubelentliligi, näzikligi, giň dünýägaraýyşlylyklary nusga alarlykdyr.
 

Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli wekili N. Hojageldiýew türkmen halkynyň gowgaly taryhyna bagyşlap ýazan “Gökdepe mukamy” atly eserindäki “Namys” atly hekaýasy hem hut lebizlilige, ar-namyslylyga bagyşlanypdyr.
 

Edermenlikde, gaýduwsyzlykda ady Eýrana, Turana dolan taryhy şahsyýet Dykma Serdar Büjnürdiň ilhany Haýdarguly hanyň lebzinden dönüp, eden etmişiniň gaýtargysyny bermek üçin ar atyna atlanmagy, onuň öz galasyna däl-de Haýdarabatdaky ogly Mämmet begiň galasyna çozmagy, ol ýerde türkmen sesine suwsan, namys ugrunda nähili jeza berilse-de döz gelmegi başaran ýaş türkmen zenanynyň halas edişi, Mämmet begiň ejize ganymlygy, onuň eden etmişiniň jezasynyň berilişi ussatlyk bilen suratlandyrylypdyr.
 

Dykma Serdar ar atyna talanyp daşyna atlylaryny üýşürip, Haýdarabatdaky Mämmet begiň galasyna çozuş edýär. Heniz oňly oýanmaga-da ýetişmedik ilata gaçmaga-da, garşylyk görkezmäge-de maý bolmaýar. Obanyň eli ýarag tutmaga ýaraýan erkek göbeklisiniň ählisini gylyçdan geçirýärler. Aýal, oglan-uşaklaryň baryny ýesir alýarlar. Ähli mal-emläklerini olja alýarlar. Gezek Mämmet bege gelýär. Mämmet begiň Dykma Serdara gözi düşenden, aýaklary göwresini göterip bilmän, iki dyzyna çöke düşýär. Janyndan özge hemme zadyny bagyş edýär. Emma Dykma Serdar onuň bu bolşuna pisindem etmän duşundan geçip gidýär. Dykma Serdaryň ýigitleri Mämmet begiň elini arkasyndan daňýarlar. Türkmenlerde şeýle bir aýdylýan jaýdar söz bar “Edeniňi egniň bilen çekersiň” ýa-da “Ýazan düşegiňde ir-u-giç oturarsyň” Elbetde, bu ýöne bir ýere aýdylan howaýy söz däl. Ony ata-babalarymyz akyl eleginden eläp, öz durmuş tejribelerinden döredipdirler. Indi Mämmet begiň naçar zenana eden zulumlary öz boýnundan syrtmak bolup ilýär. Şeýle zalymlyga döz gelip, öz zenan namysyny goramagyň ugrunda ejir çekip oturan Aknabadyň üstünden Dykma Serdar gelýär. Şu ýerde sözümiz gury bolmaz ýaly hekaýadan şol ýeri mysal getirsek has ýerlikli bolar.
 

“Ol eserdeňlik bilen bosagadan ätlän badyna arassa türkmen dilinde gepleýän aýal sesini eşidip doňup galdy.
 

  • Waý, türkmen sesi gelýän ýaly-la! Kimsiň? diýip, aýal sesi zarlady.
  • Men Dykma Serdar! Sen kim? diýip, Dykma Serdar otagyň aýal sesi eşidilen böwrüne ýöneldi.
  • Wah, adyňa döneýin, dogan! Arkadagym! Dadyma ýetişeweri! Men bir bagty ýatan ýesir!...
     

Dykma Serdar öňünde duran naçaryň ýagdaýyna aňk bolup galdy. Onuň eline hem, aýagyna hem gandal urlupdyr. Munuň üstesine, boýnuna hem zynjyr salnyp, onuň bir ujuny jaýyň depesindäki agaja daňyp goýupdyr. Dykma Serdaryň özem ýesir bolup gördi. Eline-aýagyna zynjyram urlupdy, zyndana-da oklanypdy. Ol her hili berk tutulýan ýesirleri hem görüpdi. Emma henize çenli beýle zady görmändi.
 

  • Wah, Dykma dogan, adyňa döneýin! Hudaýdan bir dilegim sendiň! Senden başga meni bu zulumdan dyndyrjak adam ýokdugyny bilýärdim -- diýip, naçar ýetişibildiginden alkyş okaýardy, ýarym-ýaş bolup aglaýardy.  
  • Ýamanlyk ýüzüni görmäsiň, jan dogan! Bu zulumdan gutar meni... Iliň-günüň bagty üçin ömrüň uzak bolsun!”

− diýip, ejir çekmekden ýüzi-gözi elenip, iňňä sapaýmaly bolan ýigrimi-ýigrimi iki ýaşlaryndaky ýaş gelin Dykma Serdara alkyş baryny okaýar. Dykma Serdar  bu naçaryň elini-aýagyny boşadyp ysgyndan gaçan gelniň göwresine söýget bolup, näme etmişiniň bardygyny soramak üçin    Mämmet begiň ýanyna eltýär. Mämmet begden ses-seda çykmansoň başyna düşen betbagtçylygy gelniň özi gysgaça gürrüň bermäge başlaýar.
 

          Bu ýaş owadan gelniň ady Abadan, adamsynyň ady Gara. Onuň käri çagalykdan çopançylyk bolupdyr, ellerinde bolsa üç aýlyjak gyzjagazlary bar eken. Olar sürini çoluga tabşyryp, oba giden ekenler. Obadan gelip Gara çolugyna sürini ýazlag ýurduna sürmäge tabşyrýar. Özleri hem çaý-çörek iýip, dem-dynçlaryny alanlaryndan soň, bu ýerdäki goş-golamlaryny alyp ýola düşmekçi bolup otyrkalar Mämmet beg olaryň üstüni gapyl basýar. Garşylyk görkezmäge-de maý bolmaýar. Bir giden atly bilen Garanyň güýji deň gelmeýär. Garany parçalap taşlaýarlar. Mämmet beg derde ýararly näme barka diýip çopan goşuny dörüşdirýär. Abadanyň geýim-gejimleri bilen bilelikde, onuň gyzjagazynyňam gundagynyň bir çetinden tutup ýokary galdyrýar. Çagajyk çyrlap oýanan-da bolsa, ony eliniň tersi bilen zyňyp goýberýär. Patlap ýere düşen çagajygyň sesi tapba kesilýär. Abadanyň eilini arkasyna baglap Mämmet begiň atynyň syrtyna mündürýärler, aýagyny bolsa atyň garnynyň aşagyndan aýlap daňan ekenler. Çoluk bilen agyr sürini bolsa öňlerine sürüp gaýdypdyrlar. Mämmet beg hemme zatdan beter Abadanyň eline düşenine begendi. Ony haram keýpi üçin ulanjakdy, emma Mämmet begiň arzuwy amala aşmady. Abadan şu ýerde zenan mertebesini hemme zatdan belentde goýup, öz namysy ugrunda ölüme hem kaýyl bolýar.
 

“− Men bir naçar, zorluga galsam, alajym ýok. Ýöne öz islegim bilen ýarymyň, zürýadymyň ganyna galan ganhora düşek bolman. Oňa hyzmat edenimden ölenimi gowy görerin – diýip, pert jogap berdi. Etimi dogram-dogram edip agzyma tutup berseňem saňa aýal bolman”

Elbetde şeý diýmek bilen, namysyň nä derejede belentde goýulýandygyny ýazyjy Abadanyň keşbiniň üsti bilen doly açyp görkezmegi başarypdyr.
 

Abadan diňe bir öz zenan namysyny goramak bilen çäklenmän, eýsem ol kyn gününde duýgudaşlyk bildiren, ony Gurhan ýaly ýüzüne sylan, oňa sežde eden Mämmet begiň aýaly Zeýnebiň namysyny hem goramagy başarýar. Ilki-ilkiler Zeýnep Abadana gury özüňi kösäniň galar diýen hem bolsa, soňunda namysjaňlygyň, gaýratlylygyň nämedigine göz ýetirýär. Şu ýerde Zeýnebiň öz sözlerini mysal getirsek has ýerlikli bolar.
 

“Sen ejiz naçardan gudrata öwrüldiň. Maňa Hudaýdan näme dilejek diýseler, hemme aýallara seniňki ýaly gaýrat ber diýerdim. Onda hiç kim aýal maşgalanyň namysyny basgalap bilmezdi”...diýip, Zeýnep zenan bolup, zenan gaýratyna buýsanýar. “Ýagşylyk et derýa at, balyk biler, balyk bilmese halyk biler” diýlişi ýaly Zeýnebiň Abadana elinden gelen uly bir ýagşylygy bolmasa-da oňa kyn gününde duýgudaşlyk bildirişi, oňa sežde edişi, ony ýüzüne sylyşy Abadana uly ruhy goldaw bolýar. Abadan özüne goýulan  hormaty ýerde goýmady.
 

Ol uly yzlaşyk bolup ýola düşen ýesirleriň içinde Zeýnep bilen gyzjagazyna gözi düşende Dykma Serdardan olary ýesirlikden boşatmagyny haýyş edýär. Dykma Serdar Zeýnepdir gyzjagazyny öz rehimdarlygy üçin däl-de, diňe Abadanyň gaýratlylygy, namysjaňlygy üçin olary ýesirlikden boşadýar.    

Tyllagözel EÝEBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han
adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň mugallymy.