logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Maslahatlaşmak –türkmeniň ýol ýörelgesi» atly maslahat geçirildi
  13.02.2023
1058
«Maslahatlaşmak –türkmeniň ýol ýörelgesi» atly maslahat geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynyň S.Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabriginde «Maslahatlaşmak –türkmeniň ýol ýörelgesi» atly maslahat geçirildi. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de pagta egirme fabriginiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdy.

Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň başlygy G.Sähedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň başlygy A.Ataliýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň başlygy G.Gurbanow, TMÝG-nyň başlygy A.Aýdogdyýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň gol çeken kararlaryny, buýruklaryny hem-de beren tabşyryklaryny doly amal etmek we gyşarnyksyz ýerine ýetirmek hem-de ilkinji guramalaryň edara –kärhanalarda işgärleriň zähmetini, hukugyny goramak, kärhanada işgärleriň hukuklarynyň goralyşy hem-de Köpçülikleýin şertnamalaryň baglaşylyşy, onuň içine salnan kanunlary barada aýdyp birnäçe degerli maslahatlary berdiler hem-de şu ýylyň ýanwar aýynyň 21-ne paýtagtymyzda geçirilen Milli Geňeşiň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda halkymyzdan gelen teklipleri kanagatlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Gahrymany, hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip ykrar edilmegi eziz watandaşlarymyzyň şatlygyny goşalandyrdy diýip belläp geçdiler.

Çykyş edenler sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.   

 

Bägül GURBANOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň işgäri.