Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Maşgala terbiýesi
  18.09.2021
1490
Maşgala terbiýesi

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen milleti diňe bir özüniň şöhratly geçmişinden paýhasly sapak almagy, durmuşyny akyla laýyk amal etmegi däl, eýsem, geljegini-de öz akyl, ruhy hem-de ahlak ölçeglerine laýyklykda kemala getirmegi başaran milletdir. Geljek bolsa biziň ertirki güne bolan ynamymyzdyr. Merdana milletimiziň şu günki nesilleri geljege sary ösüşlerden-ösüşlere beýik ynam bilen barýar. Taryha ser salanymyzda hem her bir ynsan özüniň nesil dowamatyny gurmak üçin öz geljegi bolan ýaşlary, ilki bilen, durmuş mysalynda, watançylyk ruhunda terbiýeläpdir.

Halkymyzda biziň şu günki neslimize görüm-görelde bolup biljek beýik ygrarlylyk, Watana buýsanç, çäksiz söýgi diýseň kän. Ata-babalarymyz öz nesillerine ylym-bilim bilen bir hatarda, harby tälimleriň inçe syrlaryny öwredipdirler, bedew eýerine oturdypdyrlar. Netijede, taryhda şöhratly yz goýan Oguz han, Görogly, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly birnäçe ärler döräp, olar bu günki nesillerimize görelde mekdebidir.

Beýik şahsyýetlerimize goýulýan uly hormat Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizde türkmen halkynyň gahryman ogullaryna, merdana pederlerine bolan çäksiz söýgini döredýär we bu günki watansöýüji oglan-gyzlara nusgalyk mekdep bolup, ýollaryna nur saçýar. Milli mirasymyz bolan atalar sözi we nakyllar halkymyzyň durmuşyny, pähim-paýhasyny, pelsepesini, dünýägaraýşyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini özünde jemleýän nesilleri terbiýeleýji durmuş mekdebidir.

Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, oýlanyşyklylygy talap etse, ýaşlary taplap, kämillik ýoluna ugrukdyrýar. Çaganyň gözi bilen gören, gulagy bilen eşiden zatlary oňa gowy täsir edýär. Şol bir wagtyň özünde, terbiýe meselesinde her bir çaganyň özüne mahsus bolan häsiýet aýratynlyklaryna görä çemeleşmek iňňän zerur bolup durýar. Maşgala çaga terbiýe bermek bilen birlikde, olara ruhy-ahlak gymmatlyklaryny siňdirýär, hemişe onuň ýakyn hemrasy bolup durýar. Çaganyň ruhy-ahlak keşbiniň binýady ilki maşgalada tutulyp, soň mekdepde onuň üsti ýetirilýär. Biziň her birimiz öz çagalarymyzy jemgyýete mynasyp ýaşlar, döwrebap nesiller edip kemala getirmegiň diňe bir şahsy borjumyz däl-de, onuň Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin hem zerurdygyny göz öňünde tutmalydyrys. Çünki her bir çaga Watana daýanmak bilen, özi hem onuň diregi bolmaga ymtylmalydyr.

Maşgala öz gezeginde kiçiräk bir döwlet mysalydyr. Maşgala biziň baş galamyz, il-gün bolsa howandarymyzdyr. Her bir terbiýeläp, ösdürip ýetişdirýän perzendimiz Watanyň, il-günüň hyzmatyna ýaramalydyr. Watanperwer ogul edip ýetişdirmek bolsa ene-atanyň esasy borçlarynyň biridir. Şunda biziň ata-babalarymyzyň miras goýan milliligimiz, asyl ýörelgämiz aýratyn orun eýeleýär.