logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Mary welaýatynyň gallaçylary Watan harmanyna 345 müň tonna bugdaý hasylyny tabşyrmagy maksat edinäýärler
  01.06.2022
1004
Mary welaýatynyň gallaçylary Watan harmanyna 345 müň tonna bugdaý hasylyny tabşyrmagy maksat edinäýärler

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda  Mary welaýatynyň gallaçylary bugdaý oragyna ykjam taýýarlykly geldiler. Olar 170 müň gektarda gallanyň bereketli hasylyny ýetişdirip, meýilnamada göz öňünde tutulan 345 müň tonna guşgursak bugdaý hasylyny taýýarlap Watan harmanyna öz mynasyp goşantlaryny goşmagy niýet edinýärler.

Belläp geçsek, 26-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 3-nji iýunda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna girişmäge ak pata berdi.