logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy
  05.01.2026
550
Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň işgärler topary geçen ýyly 12 milliard 505 million kilowatt-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürmek bilen ýokary önümçilik görkezijilerine eýe boldy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Bellenilen meýilnamanyň artygy bilen ýerine ýetirilmegi ýylylyk stansiýasynyň kuwwatynyň we döwrebap üç sany gaz-turbina desgasynyň netijeli ulanylmagy saýasynda mümkin boldy. Bu tehnologik ulgamda 1574 MWt kuwwatyndaky utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasy aýratyn orun tutýar, hünärmenler ony ýokary öndürijiligi we ekologiýa taýdan arassalygy üçin kärhananyň «ýüregi» diýip atlandyrýarlar.

 

Mary DES-inde öndürilýän energiýa özüne düşýän gymmaty boýunça dünýäde iň elýeterli energiýalaryň biri bolup galýar. Muňa desganyň Garagum derýasynyň boýunda ýerleşmegi we esasy çig mal hökmünde tebigy gazyň ulanylmagy ýardam edýär. Stansiýanyň kuwwatlygynyň ýokary peýdaly iş koeffisienti we işgärleriň gije-gündizleýin nobatçylygy, her gün 40 million kilowatt-sagatdan gowrak energiýa öndürmäge mümkinçilik berdi.

 

Mary welaýatynyň energetika hünärmenleriniň gazananlary Türkmenistanyň energetika syýasatynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. Şu günki günde pudak üç sany esasy wezipäni: içerki sarp edijini doly üpjün etmek, ösýän senagat ulgamyny goldamak we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak wezipelerini üstünlikli çözýär.

 

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.