logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Interesting /Marsda häzirki wagta çenli iň güýçli ýer titremesi hasaba alyndy
  25.04.2022
1160
Marsda häzirki wagta çenli iň güýçli ýer titremesi hasaba alyndy

Gyzyl planeta bolan Marsyň üstünde bolup geçýän ýer titremeler 2019-njy ýyldan bäri hasaba alynýar we gözegçilik edilýär. "InSight" kosmos ulagy häzirki wagta çenli seýsmograf tehnologiýalary bilen Marsda ýüze çykarylan iň güýçli iki ýer titremesini ýüze çykardy.

S0976a we S1000a atly ýer titremeleri 2021-nji ýylyň 25-nji awgustynda 4.2, 24 gün soň bolsa 4.1 ball ululykda bolup geçdi.  Göz öňünde tutulan ýer titremeler Marsda bolup geçen iň güýçli ýer titremesi diýlip hasaba alyndy. Bu ýer titremeleriň Marsda ölçenen ýer titremelerinden 5 esse uludygy mälim edildi.

Ýer titremeleriniň bolan sebiti alym astronomlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýer titremeleri planetanyň beýleki ýarysynda ýerleşýän “kölege zonasy” diýlip atlandyrylýan ýerde bolup geçdi. Ýer titremeleriniň şeýle uzak ýerlerden hem hasaba alynmagy ýer titremeleriň güýçlüdigini subut edýän faktor boldy.

S1000a ýer titremesinde beýleki ýer titremelerinden tapawutly başga bir aýratynlyk bardy.  "InSight"-yň maglumatlaryna görä, ýer titremesi takmynan 94 minut dowam edipdir. S0976a ýer titremesiniň ozal ýer titremeleriniň ýüze çykarylan Valles Marineris kanýon ulgamynda bolup geçendigi kesgitlenildi.

Ogulnar NYÝAZMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.