logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Economics /Malym - janym
  11.01.2021
673
Malym - janym

      Gyş pasly maldarlar üçin örän jogapkärli synag döwri hasaplanylýar. Şol sebäpli şu aýlarda geljekde gazanyljak ýokary netijeleriň berk binýady döredilýär. Şeýle hem ene mallardan sagdyn owlak-guzulary almak üçin, orta we ýokary semizlikde gyşladylmagyny gazanmaly bolýarlar.

      Tejenli maldarlar “Türkmenistan – parahtçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyza ak gar bilen gadam basmagy “Ak zat alynyňa ýagşy” diýýän türkmeniň ynamyny berkidip, üstünliklere ruhlandyrýar. Şonuň üçin Tejen etrabynyň daýhan birleşikjlerine degişli öri meýdanlarynda dowardarlaryň orta semizlikde bakylmagyny üpjün edilýär.

      Häzirki wagtda agralyp başlan ene goýunlar bolsa alada bilen gurşalýar. Olara goşmaça ot-iým bermek ýaly işler daýhan birleşige degişli maldarçylyk fermalarynda ýola goýuldy. Şeýle hem ýedi hazynanyň biri bolan dowarlara göreldeli ideg edip, olaryň baş sanyny artdyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak ugrunda tejenli maldarlar hem gije-gündüz ýadawsyz alada edýärler.

      Şeýle aladalar Tejenli maldarlaryň şu ýyl hem öz öňlerinde goýan asylly maksadyna ýetmeklerini üpjün eder.