logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Economics /Mal eýesiniň gözünden suw içer
  25.11.2020
958
Mal eýesiniň gözünden suw içer

       Ýurdumyzda kiçi we orta  telekeçiligi ösdürmeklige uly üns berilýär. Munuň şeýledigine oba hojalyk pudagynyň ösüşlerini synlanyňda hem görmek bolýar. Bu gün Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän “süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýeti boýunça alnyp barylýan işler hem şaýatlyk edýär. Hojalyk jemgyýetiniň düzüminde tohumlylyklary boýunça süýtli-Germaniýa hem-de Russiýa döwletlerinden getirilen iri şahly mallaryň 1000-e golaýy bar. Ol mallar weterinariýanyň kadalaryna laýyklykda idedilýär. Şu maksat bilen hojalyk jemgyýete degişli 600 gk golaý ekin meýdanlary bar.

      Ol ýerlere ýorunja, arpa, mekgejöwen, bugdaý we beýleki ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şol bir wagtyň özünde bolsa şol ýokarda agzalan önümler ýörite bölümlerde gaýtadan işlenilip, mallara berilýär, munuň özi bolsa göleleriň sagdynlygyna, sygyrlaryň süýtliligine we beýleki iri şahly mallaryň orta we ýokary semizlikde bolmaklaryna getirýär.

Häzirki wagta “süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýetindäki iri şahly mallary gyş möwsümine taýýarlamakda zerur bolan ähli çäreler durmuşa ornaşdyrylýar.