logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Mähriban halkymyza ajaýyp sowgat
  27.03.2024
693
Mähriban halkymyza ajaýyp sowgat

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzda toýlar toýlara ulaşýar. 26-njy martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berilmegi-de şanly senelere özboluşly öwüşgin çaýdy. Türki dünýäniň medeniýetinde özboluşly aýratyn orna eýe bolan şöhratly Änew topragynda guraljak dabaralar eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Şeýle toýly günlerde, has takygy, 23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygy baradaky hoş habary halkymyza ýetirdi. 

 

«Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar – Bagabat – Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat bolan bu kitap adamzat gymmatlyklaryna bolan beýik sarpadan nyşandyr. Çünki, Änew şäheri bütin türki dünýäsi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan mekan. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu gadymy ojak bilen baglanyşykly «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat bermegi "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny has-da ganatlandyrdy.

 

Muhammetmyrat AMANMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.