«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistan Watanymyzda maglumat ulgamlaryny ösdürmek, onuň bilen baglylykda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat goraglylygyny gazanmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalary, akylly enjamlary yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli amal edilýär. Kiber howplardan goranmak meselesi hem örän derwaýys bolup durýar.
Bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajyplygy nazara alnyp, ýurdumyzyň maglumat giňişligini goramak maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanynda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Şeýle hem ýurdumyzda milli maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň işini düzgünleşdirmegiň we ösdürmegiň hukuk esaslary düýpli kämilleşdirildi. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak, onuň binýadyny berkitmek babatdaky işleriň alnyp barlyşynyň çäklerinde «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu kanunlardan gelip çykýan wezipeler bolsa häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda üstünlikli çözülýär.
Ylmyň we tehnikanyň ösüşi dünýä jemgyýetçiliginde ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegini, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyny hem-de halklaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş durmuşynyň ösüş depginini kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bäsleşige ukyply tehnologiýalar mekanyna öwürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, häzirki wagtda maglumatlar binýady bilen işlemek üçin köp programma üpjünçilikleri işlenip düzülýär. Bu bolsa uly göwrümli maglumatlary özünde jemlemäge mümkinçilik döretmek bilen, her bir ulgamyň kuwwatlylygyny has-da ýokarlandyrýar. Şunuň bilen birlikde maglumat tehnologiýalary belli bir derejede ösüşi hem özgerişi şertlendirýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuz we ygtybarly dolandyrylmagy döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy hem möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň maglumat giňişligini kiber howplardan goramagyň hukuk binýadyny, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmek, degişli ugra tehniki serişdeleriň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi göwünleri ganatlandyrýar. Durmuşa geçirilýän şeýle çäreler döwletiň we jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmäge oňyn ýardam edýär.
Şemşat GALANDAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.