logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Lukman Hekimiň wesýetlerinden...
  01.06.2022
1739
Lukman Hekimiň wesýetlerinden...

  1. Kime pent-nesihat etseň, oňa ilki özüň amal etgin.
  2. Sözi öz gadryňa laýyk geple.
  3. Adamlaryň gadryny bil.
  4. Adamlaryň hak-hukugyny aňla.
  5. Syryňy gizlin sakla.
  6. Dostuňy kyn günüňde syna.
  7. Dosty peýdada we zyýanda barlap gör.
  8. Ýaramaz we nadan adamlardan daşda bol.
  9. Dana we duýgur dostuňy tana.
  10.  Ýagşy işe ykjam ýapyş.
  11.  Akýürekli we dana adamlar bilen maslahat et.
  12.  Ýaşlygy ganymat bil.
  13.  Dost-ýarlaryňy eziz gör.
  14.  Dost-duşmana ýüzüňi açyk tut.
  15.  Ata-enäni ganymat tut.
  16.  Harjy girdejiňe görä sow.
  17.  Hemme işde ortada ýol goý.
  18.  Hoşamaýlygy özüňe şygar edin.
  19.  Myhmana hyzmaty dessura görä et.
  20.  Egin-eşigiňi we bedeniňi arassa sakla.
  21.  Jemagat bilen dertdeş bol.
  22.  Perzendiňe ylym-edep öwret.
  23.  Alajy bolsa perzendiňe çapyksuwarlygy we mertligi öwret.
  24.  Okaman ussatlyk etme.
  25.  Az iýmegi we az geplemegi endik edin.
  26.  Özüňe ýakmaýan zady başga hem rowa görme.
  27.  Işi ozal oýlap çäresi bilen et.
  28.  Edilmedik işi edilen hasaplama.
  29.  Özüňden uly bilen degişme.
  30.  Özüňden ulynyň ýanynda az sözle.
  31.  Mätäç adamlary umytsyz gaýtar.
  32.  Geçen dawany ýatlama.
  33.  Adamlaryň ýagşylygyny öz ýagşylygyň bilen garyşdyrma.
  34.  Biriniň malyna tamakin göz bilen garama
  35.  Men-menlik satyp tekepbir bolma.
  36.  Myhmanyň ýanynda birine gazabyňy saçma.
  37.  Her kim özüni tanamasa-da, sen ony tana.
  38.  Öz nanyňy başgalaryň saçagynda iýme.
  39.  Peýdadyr zyýana özüňi urup, abraýyňy dökme.
  40.  Ýönekeý we kiçi göwünli bol.

Bahar Gazakowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.